HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýada sebitleriň ekologik faktorlaryny nazara alyp, saglyk ýagdaýyna baha bermek ulgamyny döretdiler

Iýul 18, 2025 | 12:30 |3165
Penza döwlet uniwersitetiniň (PDU) hünärmenleri adam saglygyny toplumlaýyn bahalandyrmak üçin özboluşly ulgam döretdilerPenza döwlet uniwersitetiniň (PDU) hünärmenleri adam saglygyny toplumlaýyn bahalandyrmak üçin özboluşly ulgam döretdiler
Çeşme: Freepik

Penza döwlet uniwersitetiniň (PDU) hünärmenleri adam saglygyny toplumlaýyn bahalandyrmak üçin özboluşly ulgam döretdiler. Bu innowasion işläp taýýarlama ilkinji gezek diňe bir adaty lukmançylyk görkezijilerini däl, eýsem sebitleriň ekologik täsirlerini hem-de näsagyň psihiki-duýgy ýagdaýyny hem göz öňünde tutýar. Taslamanyň awtorlarynyň bellemegine görä, şeýle çemeleşme keselleriň öňüni netijeli almakda we ilatyň durmuş hilini ep-esli ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.

PDU-nyň ulgamy saglygyň bahalandyrylmagyna giňişleýin ekologik düzümini goşýar. Munuň çäginde fiziki faktorlaryň (meselem, ses, elektromagnit şöhlelenme), biologiki faktorlaryň (toprakda we suwda zyýanly bakteriýalaryň we mikroorganizmleriň bolmagy), şeýle-de himiki faktorlaryň (suwda, howada we toprakda goşundylaryň derejesi) yzygiderli gözegçiligi girýär. Ulgam barlagdan geçýän adamyň psihiki-duýgy ýagdaýyna aýratyn üns berýär – stres derejesi hem awtomatiki hasaba alynýar.

«Ulgam Saglyk+» maksatnamasy bilen iş şu tertipde amala aşyrylýar: lukman näsag barada başlangyç maglumatlary (sebiti, şäheri, şahsy ätiýaçlyk belgisi (SNILS), jynsy we ýaşy) girizýär. Soňra öňünden doldurylan soragnamalar we testleriň maglumatlary, şol sanda hroniki keseller (özüniň we maşgala agzalarynyň), fiziki işjeňligi, ukynyň dowamlylygy, zyýanly endikler we stres derejesi boýunça görkezijiler awtomatiki usulda ulgama geçirilýär. Ekologik maglumatlar döwlet ekologik gulluklarynyň resmi sahypalaryndan awtomatiki ýüklenýär, şeýle hem sebitdäki ýaşaýyş derejesi barada maglumatlar (girdeji, iş bilen üpjünçilik, demografiýa) ulgama geçirilýär. Netijede, lukmanyň ekranynda näsagyň saglyk ýagdaýyny görkezýän reňkli grafik peýda bolýar.

Bu işläp taýýarlama takyk diagnoz goýmak üçin gymmatly gurallaryň biri bolup durýar. Ulgam lukmanlara saglyga täsir edýän köpsanly faktorlary göz öňünde tutmaga mümkinçilik berýär, netijede baha bermek iň ýokary derejede şahsylaşdyrylan we giňişleýin bolýar. Maksatnama eýýäm döwlet bellige alyş şahadatnamasyny aldy, bu bolsa onuň resmi taýdan ykrar edilendigini we durmuşa ornaşdyrmaga taýýardygyny tassyklaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026