HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Netflix kontent döretmekde we içerki amallarynda emeli aň (AI) ulgamyny ornaşdyrýar

Iýul 19, 2025 | 14:00 |4695
Netflix film we teleseriallary öndürmekde, şeýle hem içerki iş amallarynda generatiw emeli aň (AI) ulgamyny işjeň ulanýar. Bu ädim platformadaky kontentiň netijeliligini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.Netflix film we teleseriallary öndürmekde, şeýle hem içerki iş amallarynda generatiw emeli aň (AI) ulgamyny işjeň ulanýar. Bu ädim platformadaky kontentiň netijeliligini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Çeşme: Sora

Netflix film we teleseriallary öndürmekde, şeýle hem içerki iş amallarynda generatiw emeli aň (AI) ulgamyny işjeň ulanýar. Bu ädim platformadaky kontentiň netijeliligini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

AI-niň ulanylmagynyň ilkinji görkeziji mysaly hökmünde argentin fantastiki teleserialy «El Eternauta»-da bir binanyň ýumrulýan sahnasynyň dolulygyna emeli aň arkaly döredilmegi bolup durýar. Netflix-iň ýerine ýetiriji direktorlarynyň biri Ted Sarandos bu sahnanyň döredilmeginiň AI arkaly adaty wizuallaşdyryş effektlerine garanyňda 10 esse çalt we birnäçe esse arzandygyna ünsi çekdi. Ol emeli aňy döredijilere has ýokary hilli we tygşytly kontent döretmäge kömek edýän “kämilleşdirilen gural” hökmünde häsiýetlendirdi.

Netflix AI tehnologiýasyny beýleki ugurlarda hem giňden ulanýar. Baş direktor Greg Piters AI-niň şahsylaşdyrylan teklipleri bermekde, kontent gözlegini kämilleşdirmekde we mahabatda ulanylýandygyny aýtdy. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Netflix emeli aň esasynda işleýän interaktiw mahabat hyzmatyny işe girizmegi meýilleşdirýär.

Kompaniýa maliýe taýdan hem durnukly ösüşi dowam edýär. Ýylyň birinji ýarymynda tomaşaçylar 95 milliard sagatlyk kontente tomaşa etdiler, onuň üçden biri iňlis dili däl dillerde döredilen taslamalara degişli bolup, bu bolsa platformanyň dünýä derejesinde gazanan üstünliklerini tassyklaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026