HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Rhenus Group”: Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda möhüm ulag geçelgesine öwrülip biler

Iýul 18, 2025 | 21:25 |5510
Brýusselde Türkmenistanyň Ilçisi Sapar Pälwanow bilen Ýewropanyň iň uly halkara logistika kompaniýalarynyň biri bolan “Rhenus Group”-nyň müdirýetiniň strategiki taslamalar boýunça direktory jenap Genrih Kerştens (Heinrich Kerstgens) arasynda duşuşyk geçirildiBrýusselde Türkmenistanyň Ilçisi Sapar Pälwanow bilen Ýewropanyň iň uly halkara logistika kompaniýalarynyň biri bolan “Rhenus Group”-nyň müdirýetiniň strategiki taslamalar boýunça direktory jenap Genrih Kerştens (Heinrich Kerstgens) arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

Brýusselde Türkmenistanyň Ilçisi Sapar Pälwanow bilen Ýewropanyň iň uly halkara logistika kompaniýalarynyň biri bolan “Rhenus Group”-nyň müdirýetiniň strategiki taslamalar boýunça direktory jenap Genrih Kerştens (Heinrich Kerstgens) arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň esasy maksady “Rhenus Group”-nyň Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşamak mukdaryny ep-esli ýokarlandyrmak baradaky meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Kompaniýa, Türkmenistana diňe bir üstaşyr geçelgesi hökmünde däl-de, eýsem durnukly we ýokary netijeli logistika ugruna öwrülmek üçin hakyky mümkinçiligi bolan Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky esasy ulag geçelgesi hökmünde garaýar.

Kompaniýanyň wekili, dünýädäki durnuksyzlygyň we ählumumy logistika ugurlarynyň üýtgeýän şertlerinde, ýük daşamak üçin ygtybarly, aç-açan we öňünden aýdyp boljak ugur hödürleýän hut Merkezi Aziýany, onuň mekezindäki – Türkmenistany belledi. Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň we ýurduň ösen demir ýol ulgamynyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Üstaşyr mümkinçiliklerden başga-da, “Rhenus Group” Türkmenistanda öndürilen önümleriň halkara we esasanam Ýewropa bazarlaryna eksport edilmegine goldaw bermäge gyzyklanma bildirdi. Kompaniýa, bu taslamalara gatnaşmagy durnukly we özara peýdaly logistika uzak möhletleýin maýa goýum hökmünde görýär.

rhenus-group-turkmenistan-logistika-tranzit (1).jpg

Türkmenistanyň Ilçisi häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly we açyk ulag infrastrukturasyny ösdürmegiň milli derejede ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady. Türkmenistan täze awtomobil ýollaryň gurluşygyna, demir ýol geçelgeleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna we Hazar sebitinde deňiz portlarynyň mümkinçilikleriniň giňelmegine işjeň maýa goýýar. Bu tagallalar, Gündogar bilen Günbataryň arasynda ygtybarly köpri hökmünde ýurduň ornuny berkitmäge gönükdirilendir.

Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmäge umumy gyzyklanma bildirdiler şeýle hem bilermenler we tehniki derejede ulgamlaýyn dialogy dowam etdirmek maksady barada ylalaşdylar.

“Rhenus Group” – 100 ýyldan gowrak taryhy bolan, merkezi Germaniýada ýerleşýän halkara logistika kompaniýasydyr. Bu kompaniýa Ýewropanyň iň uly logistika operatorlaryndan biridir we multimodal ýük daşamalary, ammar logistikasy we bütindünýä üpjünçilik zynjyrlary boýunça ýöriteleşendir. “Rhenus Group” 70-den gowrak ýurtda wekilçilik edýär we ähli yklymlarda müňlerçe logistika ýollaryny dolandyrýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026