HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Italiýada türkmen talyplary italýan dili we medeniýeti boýunça bilim alýarlar

Iýul 17, 2025 | 17:50 |4669
Iýun aýynyň 28-den awgust aýynyň 2-ne çenli Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary italýan dili we medeniýeti boýunça ýöriteleşdirilen okuwlara gatnaşýarlarIýun aýynyň 28-den awgust aýynyň 2-ne çenli Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary italýan dili we medeniýeti boýunça ýöriteleşdirilen okuwlara gatnaşýarlar
Çeşme: education.gov.tm

Iýun aýynyň 28-den awgust aýynyň 2-ne çenli Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary italýan dili we medeniýeti boýunça ýöriteleşdirilen okuwlara gatnaşýarlar. Okuw Italiýanyň abraýly daşary ýurtlylar üçin Peruja Uniwersitetinde geçirilýär. Bu italýan uniwersitetiniň çakylygy boýunça guralan okuw saparlary iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

Perujadaky daşary ýurtlylar üçin Uniwersitet Italiýadaky daşary ýurtly talyplara dolulygyna gönükdirilen iki ýokary okuw mekdebiniň biridir. Bu ýokary okuw mekdebi diňe bir bilim we ylmy-barlag işleri bilen däl, eýsem italýan dilini we ýurduň baý medeni mirasyny wagyz etmek işi bilen hem giňden tanalýar. Bu ýerde daşary ýurtlylar ýokary bilim alyp bilerler hem-de intensiw dil öwrwnmek boýunça okuwlara gatnaşyp, degişli şahadatnamalara eýe bolup bilerler.

Türkmen ýaşlary üçin bu mümkinçilik diňe bir dil endiklerini kämilleşdirmek däl, eýsem baý italýan medeniýetine – onuň taryhyna, edebiýatyna, sungatyna, kino sungatyna, ýaşaýyş durmuşyna, däp-dessurlaryna we gymmatlyklaryna çuňňur aralaşmakdyr. Täze medeniýet bilen tanyşlyk olaryň şahsy we bilim tejribesini baýlaşdyrýar, dünýägaraýşyny giňeldýär.

Şol bir wagtda, türkmenistanly talyplar hem özleriniň italýan deň-duşlaryna Türkmenistanyň baý taryhy-medeni mirasy barada giňden maglumat berýärler. Bu bolsa özara medeni alyş-çalyşa we halkara derejede dostlukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026