HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

NVIDIA we StrategEast Merkezi Ýewraziýa startaplary üçin onlaýn sessiýasyny geçirer

Iýul 15, 2025 | 12:50 |4409
NVIDIA tehnologiýa ägirdi StrategEast guramasy bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Ýewraziýa sebitindäki startaplar üçin onlaýn maglumat sessiýasynyň geçirilmegi barada yglan etdiNVIDIA tehnologiýa ägirdi StrategEast guramasy bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Ýewraziýa sebitindäki startaplar üçin onlaýn maglumat sessiýasynyň geçirilmegi barada yglan etdi
Çeşme: NVIDIA

NVIDIA tehnologiýa ägirdi StrategEast guramasy bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Ýewraziýa sebitindäki startaplar üçin onlaýn maglumat sessiýasynyň geçirilmegi barada yglan etdi.

Bu çäre 30-njy iýulda sagat 17:00-da (UTC+4) geçiriler we ýokary tehnologiýaly startaplaryň ösüşini çaltlandyrmaga gönükdirilen NVIDIA Inception halkara maksatnamasyna bagyşlanar.

Sessiýanyň dowamynda gatnaşyjylar emeli aň we ýokary tehnologiýalara ýöriteleşen startaplary goldamak üçin döredilen NVIDIA Inception maksatnamasy bilen tanyşarlar. Bu maksatnama ösüşi we giňelmegi höweslendirmek üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär:

• NVIDIA hünärmenlerinden okuwlar we ösüş gurallaryna elýeterlilik.

• NVIDIA-nyň önümleri we öňdebaryjy çözgütleri boýunça ýörite şertler.

• Kompaniýanyň hyzmatdaşlaryndan bulut platformalaryna elýeterlilik.

• Halkara maýadarlar ulgamyna (Inception VC Alliance) goşulmak mümkinçiligi.

• Dünýäniň dürli künjeklerinden 25 000-den gowrak innowasion startapdan ybarat global jemgyýete goşulmak.

Maglumat sessiýasy, öňdebaryjy emeli aň tehnologiýalary we halkara hyzmatdaşlyk arkaly giňelmäge ymtylýan Gazagystan we beýleki sebit ýurtlarynyň startaplary üçin niýetlenendir. Bu — sebitiň startaplarynyň ösüşini ep-esli çaltlandyryp biljek global tejribä we serişdelere göni elýeterlilikdir.

Bu başlangyjyň sebitde emeli aň we ýokary tehnologiýalar ekoulgamynyň ösüşine uly goşant goşjakdygyna, täze innowasion taslamalaryň ýüze çykmagyna ýardam etjekdigine garaşylýar.

Hasaba alynmak üçin şu salgy boýunça geçiň: https://t1z9b.share.hsforms.com/2Rd2JrZl6RDiMYEISnwd1zg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026