HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Elektrowelosipedler üçin simsiz zarýad beriji enjam: Tiler Compact raýderleriň durmuşyny ýeňilleşdirýär

Iýul 15, 2025 | 14:00 |4323
Tiler niderland kompaniýasy Tiler Compact atly täze innowasion enjamyny hödürledi. Bu simsiz zarýad bermek ulgamy islendik elektrowelosipedi simsiz usulda zarýadlamaga mümkinçilik berýär we ulanyjylar üçin bu prosesi iň amatly görnüşe getirýärTiler niderland kompaniýasy Tiler Compact atly täze innowasion enjamyny hödürledi. Bu simsiz zarýad bermek ulgamy islendik elektrowelosipedi simsiz usulda zarýadlamaga mümkinçilik berýär we ulanyjylar üçin bu prosesi iň amatly görnüşe getirýär
Çeşme: Tiler

Tiler niderland kompaniýasy Tiler Compact atly täze innowasion enjamyny hödürledi. Bu simsiz zarýad bermek ulgamy islendik elektrowelosipedi simsiz usulda zarýadlamaga mümkinçilik berýär we ulanyjylar üçin bu prosesi iň amatly görnüşe getirýär.

Tiler Compact ulgamynyň düzüminde iki esasy bölek bar: ýer üstündäki dok-stansiýa we elektrowelosipede gurnalýan ýörite tutawaç. Bu tutawaçda akkumulýatora gönüden-göni birikýän geçiriji simler ýerleşdirilen. Tiler kompaniýasynyň maglumatyna görä, bu enjam häzirki wagtda ulanylýan platformalaryň 75%-i bilen — Bosch, Yamaha we Bafang ýaly meşhur markalar bilen — utgaşykly işleýär. Enjamyň agramy bary-ýogy 2 kg, şeýle hem ol IP67 derejesindäki suwa we tozana garşy ýokary goraglyga eýe.

1

Dok-stansiýa — betona göni gurnalyp bilinýän inçe platformadyr. Ol islendik howa şertlerine: ýagyş, gar, yssy howa, hatda beýleki ulaglaryň tigir basyşy ýaly täsirlere garşy durnuklylyga görä taslanypdyr.

Zarýad bermek prosesi örän ýönekeý: welosipedçi elektrowelosipedini goýup, onuň tutawajyny dok-stansiýanyň üstüne goýandan soň, simsiz zarýad awtomatiki usulda başlanýar. Platformadaky ak yşyk yşyklandyrylyp, zarýadyň başlandygyny görkezýär. Ulgam 150 W kuwwatly zarýady goldaýar, bu bolsa 500 W/sag göwrümli akkumulýatory takmynan 3,5 sagadyň dowamynda doly zarýadlamaga mümkinçilik berýär.

Tiler tehnologiýasynyň netijeliligi eýýäm amaly taýdan subut edildi: kompaniýa häzirki wagtda Ýewropanyň çäginde welosiped kärende nokatlarynyň, myhmanhanalaryň we eltip bermek hyzmatlarynyň ýanynda 200-den gowrak şeýle zarýad stansiýasyny ornaşdyrdy. Mysal üçin, Mýunhen şäherindäki bir eltip bermek hyzmaty bu simsiz ulgam arkaly her aý takmynan 1250 ýewro tygşytlamagy başardy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026