HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Emeli aňyň energiýa tygşytlylygynda ösüş: ChatGPT üçin ýokary tizlikli optiki çip

Iýul 15, 2025 | 12:15 |3921
ChatGPT ýaly emeli aň ulgamlary ýokary energiýa sarp edijiligi bilen tanalýar. Bu meseläni çözmek üçin Optika, fotonika we lazerler merkezi (COPL) tarapyndan täze optiki çip işlenip düzüldiChatGPT ýaly emeli aň ulgamlary ýokary energiýa sarp edijiligi bilen tanalýar. Bu meseläni çözmek üçin Optika, fotonika we lazerler merkezi (COPL) tarapyndan täze optiki çip işlenip düzüldi
Çeşme: Unsplash

ChatGPT ýaly emeli aň ulgamlary ýokary energiýa sarp edijiligi bilen tanalýar. Bu meseläni çözmek üçin Optika, fotonika we lazerler merkezi (COPL) tarapyndan täze optiki çip işlenip düzüldi. Bu çip uly göwrümli maglumatlary ýokary tizlikde geçirip bilýär we muňa garamazdan uly derejede energiýa tygşytlylygyny üpjün edýär.

Nature Photonics žurnalynda çap edilen bu açyşyň esasynda maglumat geçirmek üçin ýagtylygyň güýjüni ulanmak ýatyr. Adaty ulgamlardan tapawutlylykda, täze çip diňe bir ýagtylygyň güýjüni däl-de, eýsem ýagtylyk şöhleleriniň faza süýşmesini hem ulanýar. Bu bolsa signala täze bir ölçeg goşup, maglumat geçiriliş tizligini sekuntda 56 gigabitden 1 terabite çenli, ýagny 18 esse ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi! Şeýle tizlik emeli aň modellerini öwretmekde ägirt uly mümkinçilikleri döredýär: 100 million kitaba deň bolan okuw maglumat toplumy 7 minutdan hem az wagtda geçirilip bilner, munuň üçin bary-ýogy 4 joul energiýa gerek bolýar. Bu tehnologiýanyň esasy elementi mikromodulýatorlardyr — ýagtylygyň ugruna täsir edýän kiçi ölçegli kremniden ýasalan enjamlar.

Täze çip häzirki wagtda giň meýdanlary tutýan we köp energiýa sarp edýän emeli aň maglumat merkezleri üçin düýpli özgeriş wadasyny berýär. Bu täze tehnologiýanyň kömegi bilen enjamlar biri-biri bilen şeýle tiz we netijeli aragatnaşyk saklap bilerler welin, olar edil ýanynda ýerleşýän ýaly bolar. Bu bolsa infrastruktura we energiýa çykdajylaryny ep-esli azaldyp biler. Täze çipiň ýakyn ýyllarda bazara çykmagyna garaşylýar. NVIDIA ýaly iri kompaniýalar eýýäm mikromodulýatorlary ulanmagyň üstünde işleýärler. Alym Alireza Gerawandiniň bellemegine görä, bu taslama barlaghananyň onýyllyk tagallalarynyň täze bir derejä çykmagyna mümkinçilik berýär we onuň hakyky durmuşda ulanylyşyna ýol açýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

21:00 Iýul 23, 2026
Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

19:30 Iýul 23, 2026
Owganystandaky suw joşmalary: 20 adam heläk boldy, 80 adam ýaralandy, 100-den gowrak adam dereksiz ýitdi

Owganystandaky suw joşmalary: 20 adam heläk boldy, 80 adam ýaralandy, 100-den gowrak adam dereksiz ýitdi

18:00 Iýul 23, 2026