HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

X-59: Sessiz ýokary tizlikli uçuşa tarap täze ädimler

Iýul 14, 2025 | 15:20 |3995
NASA-nyň we Ýaponiýanyň JAXA kosmos barlaglary agentliginiň hünärmenleri X-59 tejribe uçarynyň göwrümli nusgasynyň möhüm synaglaryny üstünlikli tamamladylarNASA-nyň we Ýaponiýanyň JAXA kosmos barlaglary agentliginiň hünärmenleri X-59 tejribe uçarynyň göwrümli nusgasynyň möhüm synaglaryny üstünlikli tamamladylar
Çeşme: NASA

NASA-nyň we Ýaponiýanyň JAXA kosmos barlaglary agentliginiň hünärmenleri X-59 tejribe uçarynyň göwrümli nusgasynyň möhüm synaglaryny üstünlikli tamamladylar. Bu synaglar Teofu şäherindäki JAXA-nyň ýokary tizlikli aerodinamiki turbasynyň içinde geçirildi. Synaglaryň baş maksady uçar tarapyndan döreýän ses derejesini ölçemek bolup, bu ýer ýüzündäki adamlara ýetirýän täsirini bahalandyrmak üçin örän möhümdir.

X-59 ýokary tizlikli, ýöne uly ses tolkuny döretmeýän uçuş üçin ýörite taslandy. Synag üçin asyl nusganyň 1,62% ululygyndaky model ulanyldy, oňa 1,4 Mach (takmynan 1488 km/sag) tizligiň simulýasiýasy bilen howa akymlary täsir etdirildi. Bu bolsa howanyň hereketi we ses tolkunlarynyň güýji barada maglumat ýygnamaga mümkinçilik berdi. Toplanan maglumatlar soňra sanly modeller bilen deňeşdiriler. X-59-nyň üýtgeşik gurluşy uly ses tolkunynyň öňüni alýar — onuň ýerine has ýuwaş sesiň ýüze çykmagyna garaşylýar.

X-59 uçary häzirki wagtda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Palmdeýl şäherinde ýerüsti synaglarynyň soňky tapgyryndan geçýär. Onuň ilkinji taryhy uçuşy şu ýyl meýilleşdirilýär. Bu taslamanyň üstünlikli tamamlanmagy geljekde ýolagçylar üçin ýokary tizlikli, ýöne ýer ýüzündäki ýaşaýjylara oňaýsyzlyk döretmeýän täze uçar tehnologiýalarynyň we taslama gurallarynyň işlenip düzülmegine ýol açar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026