HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrony Fransiýanyň Milli güni bilen gutlady

Iýul 14, 2025 | 05:30 |5708
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu baýramçylyk şu gün, 14-nji iýulda bellenilýärTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu baýramçylyk şu gün, 14-nji iýulda bellenilýär
Çeşme: france.fr

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu baýramçylyk şu gün, 14-nji iýulda bellenilýär.

“Soňky wagtda Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi. Biz netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegini goldaýarys” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň gutlag hatynda aýdylýar.

Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Fransiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.


Bastiliýanyň eýelenen güni: Fransiýanyň erkinliginiň we jebisliginiň nyşany

14-nji iýul – Fransiýanyň esasy milli baýramçylyklarynyň biridir, bu ýurduň taryhynda täze eýýamyň başlangyjyny alamatlandyr. 1789-njy ýylda şu günde Parižde ýerleşýän orta asyr galasy – Bastiliýa eýelendi. Bu bina absolutizmiň we zulumyň nyşany hasaplanýardy. Bu waka Beýik Fransuz ynkylabynyň başlanmagyna güýçli itergi boldy.

xlarge_optimized_Adobe_Stock_278443003_0c7bcaae5f.jpg

1880-nji ýyldan bäri 14-nji iýul resmi taýdan Fransiýanyň Milli Baýramy hökmünde bellenilýär. Bu gün, milletiň agzybirligini, olaryň erkinlik, deňlik we doganlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan dabaraly ýörişler we köpçülikleýin baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Esasy harby ýöriş müňlerçe tomaşaçyny bir ýere jemläp, däp bolşy ýaly Parižiň Ýeliseý meýdançalarynda geçirilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

21:00 Iýul 23, 2026
Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

19:30 Iýul 23, 2026
Owganystandaky suw joşmalary: 20 adam heläk boldy, 80 adam ýaralandy, 100-den gowrak adam dereksiz ýitdi

Owganystandaky suw joşmalary: 20 adam heläk boldy, 80 adam ýaralandy, 100-den gowrak adam dereksiz ýitdi

18:00 Iýul 23, 2026