HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Amyderýa: obýektiw arkaly garaýyş» atly fotosurat bäsleşigi başlandy

Iýul 13, 2025 | 15:30 |4830
Türkmenistanda Amyderýanyň güni mynasybetli guralýan «Amyderýa: obýektiw arkaly garaýyş» atly özboluşly fotosurat bäsleşigi başlandyTürkmenistanda Amyderýanyň güni mynasybetli guralýan «Amyderýa: obýektiw arkaly garaýyş» atly özboluşly fotosurat bäsleşigi başlandy
Çeşme: dalnegorsk-mo

Türkmenistanda Amyderýanyň güni mynasybetli guralýan «Amyderýa: obýektiw arkaly garaýyş» atly özboluşly fotosurat bäsleşigi başlandy. Bu başlangyç Merkezi Aziýada suw serişdelerini dolandyrmak bilen baglanyşykly GIZ sebit taslamasyna degişlidir.

Bäsleşigiň maksady – Amyderýanyň tebigy gözelligine we ekologik ähmiýetine üns çekmek, şeýle hem fotosurat sungatynyň üsti bilen derýa bolan aýawly çemeleşmäni höweslendirmekdir.

Bäsleşige 18 ýaşdan uly bolan Türkmenistandan islendik ýaşaýjysy gatnaşyp biler. Üç sany ugur göz öňünde tutulýar: manzaralar, flora we fauna hem-de adam bilen derýanyň arasyndaky gatnaşyklara degişli suratlar.

Her bir suratçy 4 sany işine çenli (JPEG görnüşinde, 300 dpi-den pes bolmadyk) amudaryariver2025@gmail.com salgysyna iberip biler. Hatda tema hökmünde hökmany ýagdaýda: «Foto bäsleşik – [Familiýaňyz, Adyňzyz]» diýip görkezmeli. Her bir surat faýly aşakdaky nusgada atlandyrylmalydyr: Familiýa_Ady_Işiň ady.jpg (meselem: Amanowa_Chemen_Fauna.jpg).

Arza tabşyrmagyň soňky möhleti — 2025-nji ýylyň 20-nji awgusty.

Bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklar we şahadatnamalar gowşurylar. Iň gowy işler sergide görkeziler hem-de olar taslamanyň maglumat serişdelerinde ulanylar.

Bu bäsleşik Amyderýanyň gününe bagyşlanyp geçirilýän giň gerimli çäreleriň bir bölegi bolup, onuň çäginde ussatlyk sapaklary we çagalar üçin bäsleşikler hem meýilleşdirilýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Telefon: +993 61893832; +993 65540048

E-mail: amudaryariver2025@gmail.com

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026