HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täze rus işläp düzülen tehnologiýa aragatnaşyk we nawigasiýa durnuklylygyny ýokarlandyrar

Iýul 12, 2025 | 09:30 |4129
Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň (SPbDU) matematikleri aragatnaşyk we nawigasiýa enjamlarynyň işini ep-esli gowulandyrýan täze algoritm işläp düzdülerSankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň (SPbDU) matematikleri aragatnaşyk we nawigasiýa enjamlarynyň işini ep-esli gowulandyrýan täze algoritm işläp düzdüler
Çeşme: Freepik

Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň (SPbDU) matematikleri aragatnaşyk we nawigasiýa enjamlarynyň işini ep-esli gowulandyrýan täze algoritm işläp düzdüler. Bu algoritm fazaly awtomatiki ýygylyk sazlaýyş ulgamlaryny (FAÝS) optimizirleýär. FAÝS ulgamlary enjam bilen daşarky çeşmeleriň (meselem, router ýa-da hemra) arasyndaky signallaryň sinhronlaşdyrylmagyna jogap berip, simsiz aragatnaşykda we hemra arkaly nawigasiýada örän möhüm orun tutýar. Emma bu ulgamlaryň işine päsgelçilik döredýän tolkun üýtgemeleri we näbellilikler bolup bilýär.

Bar bolan FAÝS ulgamlarynda saklaýyş we tutma aralyklary bilen baglanyşykly sinhronlaşmany saklap bilýän çäklendirmeler bar. Esasan hem tutma aralygyny (garantirlenen sinhronlaşma zolagy) anyk hasaplamak örän kyn bolup, bu bolsa ýalňyşlyklara we durnuksyzlyga getirýärdi.

SPbDU-nyň alymlary iň meşhur FAÝS ulgamlarynyň birinde tutma aralygyny has aňsat we takyk hasaplamagyň usulyny tapdylar. Olar bu maksada üýtgeýänleriň çalşygy usulyny ulanmak arkaly ýetdiler. SPbDU-nyň amaly kibernetika kafedrasynyň müdiri Nikolay Kuznesowyň bellemegine görä, bu usul tutma aralygy üçin takyk formulany almak mümkinçiligini döretdi we sinhronizasiýanyň duýdansyz ýitmeginiň öňüni aldy. Bu bolsa esasan hem nawigasiýa we energetika ulgamlarynda örän möhümdir.

Kompýuter modelirlemesi täze çemeleşmäniň adaty usullara garanyňda has ýokary durnuklylygy we sinhronizasiýanyň ýitmegine garşy çydamlylygy üpjün edýändigini görkezdi. Şeýle hem, ol FAÝS ulgamlarynyň özüni alyp barşyny has takyk çaklamaga mümkinçilik döredýär, bu bolsa amaly taýdan ulanylyş üçin aýratyn ähmiýetlidir. Geljekde alymlar bu çemeleşmäni ösdürmegi we inženerler bilen bilelikde tejribe nusgalaryny döretmegi meýilleşdirýärler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026