HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý alymlary mör-möjekleri dolandyrmak üçin iň ýeňil dolandyryjy enjamyny döretdiler

Iýul 13, 2025 | 14:00 |4935
Pekin Tehnologiýalar institutynyň alymlary bionika ugrunda ägirt uly ädim ädip, dünýäde iň ýeňil mör-möjek beýnisini dolandyrýan enjamy döretdilerPekin Tehnologiýalar institutynyň alymlary bionika ugrunda ägirt uly ädim ädip, dünýäde iň ýeňil mör-möjek beýnisini dolandyrýan enjamy döretdiler
Çeşme: pinterest

Pekin Tehnologiýalar institutynyň alymlary bionika ugrunda ägirt uly ädim ädip, dünýäde iň ýeňil mör-möjek beýnisini dolandyrýan enjamy döretdiler. Agramy bary-ýogy 74 milligram bolan bu kiçi enjam bal arylarynyň göterýän şire haltasyndan hem ýeňildir we olaryň uçuş wagty göterip bilýän öz agramynyň takmynan 80%-ne deňdir.

Bal arylarynyň howa garşylygyna garşy aýaklaryny ýygnamak arkaly uçar mahaly ýokary netijelilige eýe bolýandygy alymlara ylham berdi. Netijede, hytaý alymlary mör-möjekleriň uçuş ugruny dolandyrmaga mümkinçilik berýän ulgam döretdiler. Dolandyryjy enjam aryň arkasyna ýörite kiçijik guşaklar arkaly berkidilýär. Arynyň beýnisine gönüden-göni ýerleşdirilen inçejik öýjükleriň üsti bilen elektron impulslar geçirilýär. Bu impulslar aryny uçuş wagty islenýän ugra gönükdirýär.

Synaglaryň netijesi haýran galdyryjy boldy: bal arylary berlen ýumuşlary 90% ýagdaýda ýerine ýetirdiler, bu bolsa tehnologiýanyň ýokary netijeliligini görkezýär. Alymlar dolandyrylýan ary toparlarynyň ulanyş mümkinçilikleriniň örän giňdigini belleýärler. Olaryň pikiriçe, bu bioniki mör-möjekler adam üçin elýeterli bolmadyk ýa-da howply sebitlerde gözleg işlerini alyp baryp bilerler, şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek boýunça çärelerde örän peýdaly bolup bilerler. Bu açyş bioniki ulgamlaryň häzirki zaman dünýäsi üçin çylşyrymly meseleleri çözmekde täze sahypany açýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026