HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda dünýäniň iň uly howa bilen doldurylan gümmezi guruldy: gurluşyk üçin ekologiýa goragy

Iýul 11, 2025 | 14:00 |6546
Hytaýyň Şandun welaýatynyň Szinan şäherindäki gurluşyk meýdançasynda dünýäiň iň uly howa bilen doldurylýan gümmezi guruldyHytaýyň Şandun welaýatynyň Szinan şäherindäki gurluşyk meýdançasynda dünýäiň iň uly howa bilen doldurylýan gümmezi guruldy
Çeşme: cctvplus.com

Hytaýyň Şandun welaýatynyň Szinan şäherindäki gurluşyk meýdançasynda dünýäiň iň uly howa bilen doldurylýan gümmezi guruldy. Bu innowasion gurluşlygyň beýikligi 50 metr bolup, meýdany takmynan 20 000 m²-den gowrakdyr – bu görkeziji 2,5 futbol meýdançasyna barabar. Bu gurluşyk, şäher ýerlerinde ekologiýa taýdan arassa gurluşyk ýörelgelerine laýyklykda döredildi.

Gümmeziň maksady– gurluşyk işleriniň daşky gurşawa we golaýdaky ýaşaýjylara ýetirýän zyýanly täsirini azaltmakdyr. Ol birnäçe ekologik wezipesini ýerine ýetirýär:

• gurluşyk tozanynyň 90%-e çenli bölegini saklaýar;

• ses derejesini 80% peseldýär;

• ýagyşdan we şemaldan gorap, ýaramaz howa şertlerinde hem gurluşyk işleriniň dowam etmegine mümkinçilik berýär.

Gümmez PVDF (polifluorid) örtüginden ýasalyp, ol ýangyna garşy ýokary durnuklylyga eýedir: UV şöhlelerine, çyglylyga we temperatura üýtgemelerine garşy durýar. Şeýle-de, bu material ýylylygy täsirli şekilde yzyna gaýtaryp, B1 derejesindäki ýangyna garşy ýokary howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelýär.

Gurluşyň içindäki rahatlyk we howpsuzlyk akylly dolandyryş ulgamy arkaly üpjün edilýär:

• dört sany ýokary öndürijilikli pürküji-wentilýator arassa howanyň yzygiderli aýlanmagyny üpjün edýär;

• integrirlenen datçikler ýylylygy we basyşy yzygiderli gözegçilikde saklaýar;

• gurluşygyň has işjeň tapgyrynda tozany has hem azaldýan suw pürkýän ulgam işjeňleşdiriler.

Gümmeziň beýikligi iri gurluşyk tehnikalarynyň içine ýerleşmegine we giň göwrümli işleriň alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär. Gurluşyk tamamlanandan soň, gümmez sökülip aýrylar. Şol bir wagtyň özünde, Szinan şäheriniň beýleki şäher infrastrukturasy taslamalarynda – şol sanda taryhy etraplaryň täzeden dikeldilmeginde-de şeýle ekologik gorag çözgütlerini ulanmak meýilleşdirilýär.

Şeýlelikde, howa bilen doldurylýan bu gümmez häzirki zaman iri şäherlerde ýaşaýyş hilini ýokarlandyrýan, “sessiz” we ekologiýa taýdan arassa gurluşyk usulynyň täze nusgasyna öwrülýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026