HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Hökümeti ulag we aragatnaşyk toplumyny düýpli özgertmek boýunça işleri alyp barýar

Iýul 12, 2025 | 01:10 |14097
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler ulag we aragatnaşyk toplumyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek boýunça çözgüt kabul etdiTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler ulag we aragatnaşyk toplumyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek boýunça çözgüt kabul etdi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler ulag we aragatnaşyk toplumyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek boýunça çözgüt kabul etdi. 11-nji iýul, anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýatyrylýandygy barada habar berildi.

Ozal bäş pudagy birleşdiren, ýatyrylan Agentligiň ýerine aýratyn täze ministrliklar we pudaklaýyn dolandyryş edaralar döredildi:

• Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi

• Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi

• Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi

• “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy

• Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döredilmegi ýurduň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga ýardam eder.

Bu işleriň çäginde Prezident Serdar Berdimuhamedow täze wezipäni girizdi – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary. Bu wezipä 6 aý synag möhleti bilen Mämmethan Çakyýew bellenildi.

Şeýle hem täze döredilen we üýtgedilen ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny bellemek barada Permanlara gol çekildi:

• Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri wezipesine Mämmet Akmämmedow bellenildi.

• Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri wezipesine Hajymyrat Hudaýgulyýew (6 aý synag möhleti bilen) bellenildi.

• Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri wezipesine Begenç Annadurdyýew bellenildi.

• “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň başlygy wezipesine Döwran Saburow bellenildi.

• Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy wezipesine Azat Şanazarow bellenildi.

Bu ädimler, ýurduň ýolbaşçylyklaarynyň ulag we aragatnaşyk pudagyny has maksadalaýyk we çalt depginde ösdürmäge ygrarlydygyny görkezýär. Munuň özi bolsa kabul edilen kararlaryň netijeliligini hem-de hilini ýokarlandyryp, milli derejede we halkara ulag geçelgeleriniň çäginde öz mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga we giňeldilen ugurlaryň her birini has ünsli dolandyrmaga mümkinçilik berer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026