HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astrahan oblastynda bilim alýan türkmenistanly talyplaryň sany üç müňe ýetdi

Iýul 11, 2025 | 15:55 |4767
Astrahan oblastyndaky bilim edaralarynda okaýan daşary ýurtly talyplaryň arasynda iň köp bölegini Türkmenistanyň raýatlary düzýärAstrahan oblastyndaky bilim edaralarynda okaýan daşary ýurtly talyplaryň arasynda iň köp bölegini Türkmenistanyň raýatlary düzýär
Çeşme: punkt--a-info.cdn

Astrahan oblastyndaky bilim edaralarynda okaýan daşary ýurtly talyplaryň arasynda iň köp bölegini Türkmenistanyň raýatlary düzýär. Bu barada Astrahan oblastynyň daşary gatnaşyklary ministri Wladimir Golowkow bilen Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanowyň iş duşuşygynyň dowamynda belläp geçildi.

2024/2025-nji okuw ýylynyň netijelerine görä, sebitde türkmenistanly talyplaryň sany 60% ýokarlanyp, takmynan 3 müň adama ýetdi. Olaryň köpüsi "Kosa" ýaşlar merkeziniň binýadynda hereket edýän Astrahan oblastynyň Halkara dostluk klubynyň işjeň agzalary bolup durýar.

Klubyň çäginde geçirilen bilelikdäki taslamalaryň hatarynda: «Men Russiýany tanaýaryn» halkara wiktorinasy, «Bütin dünýä bolup aýdym aýdýarys» aýdym-saz çäresi, «Biziň Puşkinimiz» döredijilik duşuşygy, we Russiýa güni mynasybetli guralan milli medeniýetler sergisi bar.

Umuman, Astrahan oblastynda dünýäniň 73 ýurdundan 7 müňden gowrak daşary ýurtly talyp bilim alýar. Türkmenistandan soň talyp sany boýunça Gazagystan (takmynan 1 müň adam) we Marokko (800-den gowrak adam) ýerleşýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Saturn, Mars we iki meteor akymy: oktýabr aýynda gijeki asmanda nämeler görüner

Saturn, Mars we iki meteor akymy: oktýabr aýynda gijeki asmanda nämeler görüner

11:21 Oktýabr 02, 2026
Samsung Galaxy S23 we Galaxy S24 Ultra seriýaly smartfonlar üçin One UI howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

Samsung Galaxy S23 we Galaxy S24 Ultra seriýaly smartfonlar üçin One UI howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

11:18 Oktýabr 02, 2026
Google täze Gemini 4 Argon neýroulgamyny tanyşdyrdy

Google täze Gemini 4 Argon neýroulgamyny tanyşdyrdy

11:14 Oktýabr 02, 2026