HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmennebit» täze ýataklaryň özleşdirmegini ösdürýär

Iýul 11, 2025 | 10:57 |4499
Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly täze nebitgaz ýataklary yzygiderli özleşdirilýär.Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly täze nebitgaz ýataklary yzygiderli özleşdirilýär.
Çeşme: orient.tm

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, amala aşyrylýan işler diňe bir ykdysady taýdan ähmiýetli bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhümdir.

Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly täze nebitgaz ýataklary yzygiderli özleşdirilýär. Özleşdirilen ýataklaryň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarydyr tehniki enjamlary bilen üpjün edilmegi ulgamyň hünärmenlerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatyndaky nebitgaz burawlaýyş we çykaryş müdirlikleriniň hünärmenleridir işçileri hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirip, uglewodorod serişdelerini gazyp almak işlerini depginli dowam etdirýärler.

Häzirki wagtda Uzynada meýdançasyny özleşdirmek we burawlaýyş işlerini geçirmek güýçli depginde alnyp barylýar. Ekerem buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary-da şu ýylyň geçen 6 aýynda has netijeli zähmet çekip, öňde goýlan meýilnamalara artygy bilen hötde gelmegi başardylar.

Olar hasabat döwründe 24 müň 369 metre barabar dag jynslaryny burawladylar. Munuň özi meýilnamada görkezilen çuňlukdan 2 müň 677 metr köpdür. Bu bolsa meýilnamanyň 112,3 göterimine barabardyr. Burawlanan çuňlugyň 21 müň 169 metri ulanyş, 3 müň 200 metri bolsa gözleg maksatlydyr.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026