HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Excel maglumatlar bilen işi ýeňilleşdirýär: täzelenen “Maglumat almak” mümkinçiligi we Clean Data Emeli aň funksiýasy

Iýul 09, 2025 | 17:50 |3772
Microsoft, Windows-da Excel-iň işleýşini has-da ösdürip, elektron tablisalar üçin daşary çeşmelerinden maglumat almagy has intuitiw we amatly görnüşe getirdiMicrosoft, Windows-da Excel-iň işleýşini has-da ösdürip, elektron tablisalar üçin daşary çeşmelerinden maglumat almagy has intuitiw we amatly görnüşe getirdi
Çeşme: Microsoft

Microsoft, Windows-da Excel-iň işleýşini has-da ösdürip, elektron tablisalar üçin daşary çeşmelerinden maglumat almagy has intuitiw we amatly görnüşe getirdi. Öň “Maglumatlar” (Data) goşmaça sahypasyndaky “Maglumat almak” (Get Data) opsiýasy intuitiw däl öz-özünden aýrylýan menýusy we içki cylşyrymly sazlamalar sebäpli ulanyjylar üçin kynçylyk döredýärdi.

Häzirki wagtda Microsoft täze, amatly maglumat alyş guralyny ornaşdyrýar. Bu ulgamda ulanyjy üçin ýörite dialog penjiresi döredildi, ol ýerde iň köp ulanylýan we maslahat berilýän çeşmeler derrew görkezilýär. Ulanyjylar nawigasiýa panelindäki “Döretmek” (Create) düwmesi arkaly ähli elýeterli çeşmeleri gözden geçirip bilerler. Şeýle hem, bu ulgam arkaly Fabric platformasynyň OneLake maglumat artefaktlaryna girmek mümkinçiligi döredilýär. Täze goşulan möhüm mümkinçilikleriň biri hem — maglumat çeşmeleriniň uzyn sanawyny öwürmegiň ýerine ulanylýan amatly gözleg panelidir.

Mundan başga-da, 2024-nji ýylda Excel üçin täze Clean Data atly Copilot funksiýasy hödürlenildi. Ol tablisadaky ownuk näsazlyklary syçanjyga bir gezek basmak bilen, düzetmäge mümkinçilik berýär. Bu AI-funksiýasy awtomatiki usulda tekst deňsizligi, san formatlaryndaky ýalňyşlyklar we artykmaç boşluklar ýaly umumy meseleleri anyklaýar we düzedýär. Netijede, maglumatlary arassalamak prosesi has ýeňilleşýär.

Täzelenen “Maglumat almak” dialog penjiresi häzirki wagtda Excel Beta ýaýlymyndaky Windows ulanyjylary üçin elýeterli (wersiýa 2505, ýygyndy 18829.20000 ýa-da ondan täze). Microsoft häzirki wagtda OneLake katalogynyň diňe Lakehouse we Warehouse görnüşindäki artefaktlary goldaýandygyny, ýöne geljekde beýleki görnüşleriň hem goldaw aljakdygyny habar berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026