HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň işjeň diplomatiýasy: Telefon arkaly şöhbetdeşligiň üns merkezinde LLDC3-e taýýarlyk

Iýul 10, 2025 | 21:15 |5757
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi awgust aýynda Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) öňisyrasynda işjeň diplomatik hereketini görkezýärTürkmenistanyň Daşary işler ministrligi awgust aýynda Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) öňisyrasynda işjeň diplomatik hereketini görkezýär
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi awgust aýynda Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) öňisyrasynda işjeň diplomatik hereketini görkezýär. 10-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe ýurtdaky kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem-de bu möhüm halkara foruma taýýarlygyň esasy taraplaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Telefon arkaly söhbetdeşlik Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Maksim Ryženkow, Moldowa Respublikasynyň Daşary işler ministri Mihaý Popşoý, Burundi Respublikasynyň Daşary işler we ösüş maksatly hyzmatdaşlyk ministri Albert Şingiro şeýle hem Çad Respublikasynyň Daşary işler, afrika integrasiýasy we daşary ýurtdaky çadlylaryň işleri boýunça Abdulaýe Sabre Fadul bilen geçirildi.

Bu söhbetdeşlikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň häzirki ýagdaýlaryny we olary giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Söhbetdeşler şeýle hem halkara gün tertibine umumy çemeleşmeleri nygtap, halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklara garadylar.

Bu gepleşikler LLDC3 maslahatynyň Türkmenistanyň halkara gün tertibindäki ornuny we giň goldawy emele getirmek hem-de bu möhüm çäräniň üstünlikli geçirilmegini üpjün etmek işine ýurduň işjeň gatnaşýandygyny görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026