HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Çehiýada Merkezi Ýewropanyň iň gadymy kelt ýaşaýyş ýerleriniň biri tapyldy

Iýul 10, 2025 | 16:30 |5013
Çehiýanyň gündogar böleginde guruljak awtomobil ýoly üçin alnyp barylýan taýýarlyk gözlegleriniň dowamynda arheologik ekspedisiýasy möhüm açyş etdi. Olar 2200 ýyl mundan ozalky döwre degişli bolan kelt ýaşaýyş ýerini gazyp tapdylar. Bu bolsa ony Merkezi Ýewropadaky keltleriň iň gadymy ýaşaýyş ýerleriniň birine öwürýär.Çehiýanyň gündogar böleginde guruljak awtomobil ýoly üçin alnyp barylýan taýýarlyk gözlegleriniň dowamynda arheologik ekspedisiýasy möhüm açyş etdi. Olar 2200 ýyl mundan ozalky döwre degişli bolan kelt ýaşaýyş ýerini gazyp tapdylar. Bu bolsa ony Merkezi Ýewropadaky keltleriň iň gadymy ýaşaýyş ýerleriniň birine öwürýär.
Çeşme: Museum of Eastern Bohemia in Hradec Králové / University of Hradec Králové

Çehiýanyň gündogar böleginde guruljak awtomobil ýoly üçin alnyp barylýan taýýarlyk gözlegleriniň dowamynda arheologik ekspedisiýasy möhüm açyş etdi. Olar 2200 ýyl mundan ozalky döwre degişli bolan kelt ýaşaýyş ýerini gazyp tapdylar. Bu bolsa ony Merkezi Ýewropadaky keltleriň iň gadymy ýaşaýyş ýerleriniň birine öwürýär.

1

Tapylan şäher 25 gektar meýdana ýaýrapdyr we alymlaryň pikirine görä, bu ýer taryhy Bohemiýa sebitiniň ady bilen baglanyşykly bolan boýlar taýpasy tarapyndan mesgen tutulan. Alymlar bu ýeri diňe bir oba däl, eýsem b.e.ö. II asyrda söwda we önümçilik boýunça möhüm merkez bolan uly aglomerasiýa hökmünde hem häsiýetlendirýärler. Şeýle-de bolsa, alymlar bu gülläp ösen ýaşaýyş nokadynyň b.e.ö. I asyra gelip çökgünlige sezewar bolandygyny belleýärler.

2

Arheolog Matuş Golas bu ýeriň aýratyn möhüm ähmiýetini nygtap, onuň ykdysady we jemgyýetçilik taýdan möhüm orun tutandygyny aýtdy. Ol şäheriň zor bilen däl-de, haýsydyr bir ykdysady ýa-da ekologik sebäpler bilen kem-kemden dargandygyny aňladýan alamatlara ünsi çekdi.

3

Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda 13 müňden gowrak tapyndy ýüze çykaryldy, bu bolsa Merkezi Ýewropadaky kelt ýerleri üçin örän uly ýygyndy hasaplanýar. Tapylan gymmatlyklaryň arasynda altyn we kümüş teňňeler aýratyn orun eýeleýär. Teňňeleriň basylmagy üçin ulanylan galyplaryň tapylmagy, olaryň göni şol ýerde öndürilendigini görkezýär we bu şäheriň sebitdäki ýokary derejesini we ähmiýetini tassyklaýar. Tapylan zatlaryň arasynda bezeg alamatlary, dürli keramik önümleri, metal gap-gaç bölekleri we aýna bölekleri hem bar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026