HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Kids Expo 2025” stendleri öňünden sargyt etmek üçin kompaniýalary çagyrýar

Iýul 10, 2025 | 14:10 |17372
Çagalar pudagynda ýylyň möhüm wakalarynyň biri – “Kids Expo 2025” atly halkara sergi-ýarmarkasy ýakynlaşýar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “TurkmenExpo” tarapyndan gurnaljak bu çäre Aşgabat şäherinde 21-23-nji awgust aralygynda geçirilerÇagalar pudagynda ýylyň möhüm wakalarynyň biri – “Kids Expo 2025” atly halkara sergi-ýarmarkasy ýakynlaşýar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “TurkmenExpo” tarapyndan gurnaljak bu çäre Aşgabat şäherinde 21-23-nji awgust aralygynda geçiriler
Çeşme: Turkmen Expo

Çagalar pudagynda ýylyň möhüm wakalarynyň biri – “Kids Expo 2025” atly halkara sergi-ýarmarkasy ýakynlaşýar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “TurkmenExpo” tarapyndan gurnaljak bu çäre Aşgabat şäherinde 21-23-nji awgust aralygynda geçiriler.

Biz çagalaryň önümleri we hyzmatlary pudagynda işleýän ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalaryna sergi stendleriniň öz wagtynda sargyt edilmegine üns bermegi maslahat berýäris. Bu iň gowy ýeri almaga we doly derejede gatnaşmaga mümkinçilik berer.

IMG_20240819_090103.jpg

“Kids Expo 2025” – bu diňe bir sergi meýdançasy däl, eýsem siziň işewürligiňizi ösdürmek üçin merkezleşdirilen meýdançadyr:

• Işewür gatnaşyklary giňeltmek: Ýerli we halkara kompaniýalar bilen täze gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýuň. Bu täze taslamalary ara alyp maslahatlaşmak we şertnamalara gol çekmek ýaly B2B we B2G özara hyzmatdaşlyk üçin gönüden-göni mümkinçilikdir.

• Giň köpçüligiň öňüne çykmak: Öz önümleriňizi köp sanly sarp edijilere (ene-atalar we çagalar) şeýle hem B2B-alyjylara (satuw ulgamynyň wekilleri) we täze önümler we täjirçilik teklipleri bilen gyzyklanýan pudagyň hünärmenlerine hödürläň;

• Ösüş üçin pikirler we mümkinçilikler: Sergide innowasiýanyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary görkeziler. Bu bolsa gatnaşyjylara diňe öz çözgütlerini görkezmek bilen çäklenmän, täze önümleri we hyzmatlary döretmek, şeýle hem geljekki işleriniň ugurlaryna düşünmek üçin ylham almaga mümkinçilik berer.

Design Plus.png

Elýeterli stendleriň sany çäklidir, şonuň üçin bu möhüm meýdançada has gowy ýeri eýelemek mümkinçiligini elden gidirmezlik üçin öňünden gatnaşmagyňyzy üpjün etmegiňizi maslahat berýäris. “Kids Expo 2025” gatnaşyjylar – bu markaňyzy tanamak, aragatnaşyk ulgamyňyzy giňeltmek we ösüşiň täze ugurlaryny tapmak üçin maýa goýumdyr.

Has giňişleýin maglumat üçin çäräniň resmi web sahypasyna giriň: kids.turkmenexpo.com ýa-da Guramaçylyk komitetiniň elektron poçtasy arkaly: contact@turkmenexpo.com ýa-da telefon arkaly habarlaşyň: +993-71-87-18-13; +993-63-50-15-51.

МИНКУЛЬТ.png

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026