HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

AECC 3D printerde çap edilen mikroturbo hereketlendirijiniň ilkinji uçuşyny geçirdi

Iýul 09, 2025 | 18:05 |3399
Awiasiýa we kosmos üçin hereketlendirijileri işläp düzmekde ýöriteleşen Hytaýyň AECC döwlet korporasiýasy özboluşly synag geçirdi. Kompaniýanyň inženerleri 3D printer arkaly mikroturbo reaktiw hereketlendirijini döretdiler we ol üstünlikli ýagdaýda howada synagdan geçirildi. Bu diňe bir nusga däl-de, eýsem doly işleýän enjamdyr.Awiasiýa we kosmos üçin hereketlendirijileri işläp düzmekde ýöriteleşen Hytaýyň AECC döwlet korporasiýasy özboluşly synag geçirdi. Kompaniýanyň inženerleri 3D printer arkaly mikroturbo reaktiw hereketlendirijini döretdiler we ol üstünlikli ýagdaýda howada synagdan geçirildi. Bu diňe bir nusga däl-de, eýsem doly işleýän enjamdyr.
Çeşme: Aero Engine Corporation of China

Awiasiýa we kosmos üçin hereketlendirijileri işläp düzmekde ýöriteleşen Hytaýyň AECC döwlet korporasiýasy özboluşly synag geçirdi. Kompaniýanyň inženerleri 3D printer arkaly mikroturbo reaktiw hereketlendirijini döretdiler we ol üstünlikli ýagdaýda howada synagdan geçirildi. Bu diňe bir nusga däl-de, eýsem doly işleýän enjamdyr.

3D printerde çap edilen hereketlendiriji Hytaýyň Awtonom Sebiti bolan Içki Mongoliýadan uçurlyp, deňiz derejesinden 4000 metr beýiklige çykdy we takmynan 160 kilogramlyk itekleýiş güýjüni ösdürdi. AECC-nyň işläp düzüjileri bu hadysanyň taryhda ilkinji gezek doly ýa-da bölekleýin 3D printerde çap edilen hereketlendiriji bilen üstünlikli geçirilen uçuşdygyny belleýärler.

AECC tehniki aýratynlyklary jikme-jik aýan etmeýär, ýöne hereketlendirijiniň özleriniň tarapyndan işlenip düzülendigi mälimdir. Onuň käbir bölekleri 3D printer arkaly çap edilipdir, bu bolsa artykmaç çykdajysyz umumy agramy azaltmaga mümkinçilik berdi. Bu taslamanyň esasy üstünligi diňe bir uçuşda däl, eýsem 3D çap tehnologiýasynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň görkezilmegindedir.

AECC-nyň inženerler topary 3D çap tehnologiýasynyň köplenç pes baha berilýän, emma çeýe önümçilik serişdesidigine ynanýar. Turbo hereketlendirijiniň üstünlikli uçuşy bu tehnologiýanyň aýratyn-da awiakosmos pudagynda möhüm mümkinçiliklere eýedigini aýdyň görkezýär we geljekki taslamalar üçin täze ýol açýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026