HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tramp ulag ministrini NASA-nyň başlygy edip belledi

Iýul 10, 2025 | 11:38 |3439
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ulag ministri Şon Daffini NASA-nyň wagtlaýyn ýolbaşçysy edip belleýändigi barada habar berdi.ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ulag ministri Şon Daffini NASA-nyň wagtlaýyn ýolbaşçysy edip belleýändigi barada habar berdi.
Çeşme: www.rbc.ru

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ulag ministri Şon Daffini NASA-nyň wagtlaýyn ýolbaşçysy edip belleýändigi barada habar berdi. Bu baradaky täzeligi Tramp öz Truth Social sosial ulgamynda ýerleşdirdi.

“Şon ýurdumyzyň ulag ulgamy bilen baglanyşyky meseleleri ajaýyp usulda çözýär. Olaryň arasynda döwrebap howa hereketini dolandyrmak ulgamlarynyň döredilmegi, şeýle hem ýollarymyzyň we köprilerimiziň netijeliligini we gözelligini artdyrmak bilen, olaryň täzeden dikeldilmegi bilen baglanyşykly meseleler bar. Ol, gysga döwür üçin bolsa-da, ähmiýeti barha artýan Kosmos agentliginiň ajaýyp ýolbaşçysy bolar”- diýip, Tramp ýazdy.

2024-nji ýylyň dekabrynda Tramp bu wezipä astronawt-milliarder Jared Aýzekmanyň dalaşgärligini teklip edipdi. Şol wagt Tramp “Jarediň kosmosa bolan hyjuwy, astronawtyň tejribesi we barlag serhetlerini giňeltmekdäki islegi” ony ajaýyp dalaşgär hökmünde görkezýändigini belläpdi. Reuters agentligi Aýzekmanyň bu wezipä teklip edilmegi Trampa Aýzekmanyň egindeşi hasaplanylýan milliarder Ilon Maskyň täsiri bilen baglanyşyklydygyny belläpdi.

Aýzekmanyň dalaşgärligi aprel aýynda tassyklanypdy, emma eýýäm iýun aýynyň başynda Tramp ony yzyna çagyryp, soň täze dalaşgär barada habar berjekdigini aýtdy. Bu karar Tramp bilen Maskyň arasyndaky dartgynly ýagdaýyň ýitileşmegi bilen kabul edildi. Aýzekmanyň özi onuň dalaşgärliginiň yzyna çagyrylmagynyň sebäbi, hasam Tramp bilen Maskyň arasyndaky ýagdaýyň beterleşmeginden soňra, maslahatçylaryň täsiri bolandygyny aýtdy.

Mask bilen Tramp, işewüriň Trampyň salgyt ýeňillikleri baradaky “möhüm ajaýyp kanun taslamasyny” tankyt edenden soňra, köpçüligiň öňünde dawalaşdylar. Maskyň pikirine görä, bu kanun taslamasy ABŞ-nyň býujet ýetmezçiligini hasam artdyrýar. Prezident bolsa, öz gezeginde, Maskdan göwnüniň geçendigini aýtdy. Iýul aýynyň başynda Mask täze syýasy taslamasy bolan “Amerika” partiýasynyň döredilendigi barada habar berdi. Ol, partiýanyň esasy wezipesi Kongresse geçmek hem-de jedelli kanunlar boýunça aýgytlaýjy sesleriň üpjün edilşi boljakdygy barada belledi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026