HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Arkadag şäheri – akylly tehnologiýalaryň şäheri

Iýul 09, 2025 | 16:25 |1989
Arkadag şäheri – milli binagärligiň merjeni, ajaýyp nusgasy. Arkadag şäheri – gojaman Köpetdagyň jana şypaly tebigy aýratynlyklarynyň hem-de ynsan eli bilen döredilen gözellikleriň ajaýyp sazlaşygyArkadag şäheri – milli binagärligiň merjeni, ajaýyp nusgasy. Arkadag şäheri – gojaman Köpetdagyň jana şypaly tebigy aýratynlyklarynyň hem-de ynsan eli bilen döredilen gözellikleriň ajaýyp sazlaşygy
Çeşme: tdh.gov.tm

Arkadag şäheri - Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes türkmen topragynda, gadymy Oguz ýurdunda ak mermerli binalar bilen ýazan kämil sungat eseridir. Arkadag şäheri – milli binagärligiň merjeni, ajaýyp nusgasy. Arkadag şäheri – gojaman Köpetdagyň jana şypaly tebigy aýratynlyklarynyň hem-de ynsan eli bilen döredilen gözellikleriň ajaýyp sazlaşygy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Arkadag şäheri häzirki zamanyň ýaşamak we işlemek, dynç almak üçin iň amatly, kämil şäherleriniň biri boldy. Arkadag şäheriniň döwletimiz we halkymyz üçin örän möhüm syýasy, ykdysady, durmuş ähmiýetiniň bardygy buýsandyryjy hakykatdyr.

Türkmenistandaky ilkinji “akylly” şäher — Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna girizildi. Munuň özi bu ýerde alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändigini tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady şertlerine sanly ulgamy, täze tehnologiýalary, kämil hem akylly serişdeleri ornaşdyrmak boýunça kesgitlän wezipelerine laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Arkadag şäherinde «akylly» tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de döwrebap kommunikasiýa tehnologiýalaryny gurnamak işleri doly ýola goýuldy.

Ýakynda, Arkadag şäheri häzirki zaman aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda öňdebaryjy döwletleriň biri hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň ünsini özüne çekdi. Bu ýerde ykjam aragatnaşyk tor ulgamynyň bäşinji nesli (5G) tehnologiýasy ornaşdyryldy, bu bolsa tutuş ýurduň sanlylaşdyrylmagynda hem möhüm ädim boldy. 5G tehnologiýasynyň mümkinçilikleri bilen ýylsaýyn baýlaşdyryljak tejribeler geljekki taslamalaryň gönezligi bolup hyzmat eder.

Mysal üçim, şu günüň iň ähmiýet berilýän sanly hyzmatlary, şol sanda web saýtlaryň we mobil goşundylarynyň, programma üpjünçilikleriniň işlenip düzülmegini, elektron resminama dolanyşygynyň şertleriniň ýola goýulmagyny, «akylly» tehnologiýalaryň işe girizilmegini, elektron söwdanyň geriminiň giňeldilmegini, wirtual SIM kartlarynyň döredilmegini, sanly bank hyzmatlaryny hem-de beýleki taslamalaryň amala aşyrylmagyny görkezmek bolar.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň özeninde döwlete degişli edara-kärhanalaryň işlerini ilerletmek, olaryň özara baglanyşygyny gazanmak, hödürlenilýän mümkinçilikleriň çeýeligini üpjün etmek durýar.

Ýurdumyzyň raýatlarynyň bu onlaýn hyzmatlardan peýdalanmak endiklerini gysga wagtyň içinde özleşdirendiklerini bellemek bolsa sanly sowatlylygyň ilerleýändigini äşgär edýär.

Täze şäherdäki «akylly» öý, «akylly» ulag ýaly birnäçe awtomatlaşdyrylan şertler häzirki döwrüň möhüm ähmiýete eýe bolan sanly hyzmatlaryna anyk mysallardyr. Şeýle-de, bu ýerde ýokary tizlikli 5G aragatnaşyk ulgamynyň ornaşdyrylmagy we beýleki sanly şertler dünýä tejribesine laýyklykda hem enjamlaýyn, hem aragatnaşyk babatda kämilleşýändiginiň güwäsidir.

5G tehnologiýasyny ornaşdyrmak Arkadag şäherini «akylly şähere» öwürmek ýolunda möhüm ädim bolar. Täze tehnologiýa «akylly öý», saglygy goraýyş, bilim, senagat we oba hojalyk pudaklarynda sanly dolandyryş konsepsiýalaryny durmuşa geçirmek üçin aýdyň mümkinçilikleri açýar.

Mysal üçin, lukmançylykda bu telemedisina hyzmatlaryny ornaşdyrmaga, bilimde – onlaýn okuw mümkinçiligini üpjün etmäge, senagatda bolsa önümçilik işlerini awtomatlaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döreder.

Hotmatly Prezidentimiziň Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygy baradaky ýadawsyz aladasy, Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi esasynda amala aşyrylýan iri möçberli ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyz düýpli özgerýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar.

Ýollaryň ýalkymly, gündizleriň şuglaly, gijeleriň hemişe nurly bolsun - döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri!

Almagül Geldiýewa,

«Türkmenaragatnaşyk» agentligiň hünärmeni, Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026