HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Hytaýda hünär tejribeligini geçýärler

Iýul 09, 2025 | 13:30 |5553
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplar topary Pekindäki Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler.Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplar topary Pekindäki Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler.
Çeşme: education.gov.tm

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplar topary Pekindäki Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler. Tejribelik 20-nji iýundan 20-nji iýula çenli dowam edip, nebitgaz pudagyndaky öňdebaryjy tejribe hem-de tehnologiýalary bilen tanyşmaga gönükdirilendir.

Tejribelik 2023-nji ýylda Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň hem-de Hytaýyň nebit uniwersitetiniň (Pekin) arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde guraldy. Esasy maksady Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly işgärleri taýynlamakdan hem-de öňdebaryjy pudaklaýyn ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt tejribeisni öwrenmekden ybaratdyr.

Hytaýyň nebit uniwersiteti türkmen talyplary üçin ýörite üç hepdelik maksatnamasyny taýynlady. Ol umumy sapaklardan, barlaghana we okuw merkezlerine ekskursiýalardan, şeýle hem Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) önümçilik desgalaryna baryp görmekden durýar.

Hünär taýýarlykdan başga-da, türkmen talyplary hytaý dili we medeniýeti boýunça, şeýle hem “Ýaşyl energetika we uglerod zyňyndylarynyň azaldylmagy”, “Nebitiň we gazyň geljegi”, “Ýüpek ýolunda energetika hyzmatdaşlygy” ýaly energetika babatda möhüm temalar boýunça gysgamöhletleýin okuwlara hem gatnaşarlar.

Mundan başga-da, şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ikinji talyplar topary Türkmenistandaky CNPC “International Ltd” bölümçesiniň desgalarynda tomusky tejribeligini geçýärler.

Şeýle tejribe alşylmagy geljekki hünärmenleriň hünär taýdan ösmegine hem-de nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026