HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşoguz welaýatynda kösükli däneli ekinleriň ekin meýdanlary giňeldilýär

Iýul 09, 2025 | 10:00 |4874
Daşoguz welaýatynda mäş we noýba (ak noýba) ýaly kösükli däneli ekinleri ýetişdirmek üçin aýrylan meýdanlaryň giňeldilmegi dowam etdirilýär.Daşoguz welaýatynda mäş we noýba (ak noýba) ýaly kösükli däneli ekinleri ýetişdirmek üçin aýrylan meýdanlaryň giňeldilmegi dowam etdirilýär.
Çeşme: www.fao.org

Daşoguz welaýatynda mäş we noýba (ak noýba) ýaly kösükli däneli ekinleri ýetişdirmek üçin aýrylan meýdanlaryň giňeldilmegi dowam etdirilýär. 2025-nji ýylda 7300 ga meýdanda mäşi we 410 ga meýdanda noýba ekinleriň ekilmegi meýilleşdirilýär.

Akdepe etraby iň iri öndüriji bolmagynda galýar. Bu ýerde 2500 tonnadan gowrak mäşiň we 180 tonna noýbanyň ýygnalmagyna garaşylýar. Köneürgenç etrabynda mäş 1500 ga golaý meýdanda, noýba bolsa 65 ga meýdanda ekiler. S.Türkmenbaşy adyndaky hem-de Boldumsaz etrabynyň oba hojalyk kärhanalary esasy öndürijileriň hatarynda durýar.

Kösükli däneli ekinleriň ýetişdirilmegi çalt ýetişme möhleti bilen ýer we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna ýardam berýär. Bu bolsa olary aralyk ekinler hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, bu ekinler daşalmaga durnukly bolup, uzak saklanyş möhletine eýedir.

Daşoguz welaýatynyň oba hojalykçylary ýerli howa şertlerinde kösükli däneli ekinleri ýetişdirmegiň uly tejribesine baý bolup, bu hem durnukly hasyllylygy we önümçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
BMGÖM we Winrock International, Turkmenistanda sanly başarnyklar we telekeçilik maksatnamasyna arzalary kabul edýär

BMGÖM we Winrock International, Turkmenistanda sanly başarnyklar we telekeçilik maksatnamasyna arzalary kabul edýär

22:30 Noýabr 10, 2026
Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

17:00 Noýabr 10, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026