HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen agyr atletikaçylary Astanada geçirilýän Aziýa çempionatynda alty medal gazandylar

Iýul 08, 2025 | 13:42 |4578
Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty dowam edýärGazagystanyň paýtagty Astana şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty dowam edýär
Çeşme: awf.sport

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty dowam edýär. Türkmen türgenleri bir kümüş we bäş bürünç, umumylykda 6 medal gazanyp, özleri barada äşgär etdiler.

71 kg çenli agram derejesinde Kakamyrat Amanmyradow tapawutlanyp bildi. Batly galdyrmak ugrunda ol 128 kg agramy galdyryp kiçi bürünç medalyny gazandy. Itip götermekde bolsa ol 160 kg göterip, ýene bir kiçi bürünç medala eýe boldy. Iki görnüşli sport ýaryşynda 288 kg netijesi bilen türkmen ştangaçysy uly kümüş medala mynasyp boldy.

Ogulşat Amanowa hem 53 kg çenli agram derejesinde üstünlikli çykyş etdi. Batly galdyrmakda ol 78 kg, itip götermekde bolsa – 96 kg götermegi başardy we netijede iki kiçi bürünç medalyny gazandy. Iki görnüşli sport ýaryşynda 174 kg netijesi bilen Amanowa milli ýygyndymyzyň toparyna ýene bir uly bürünç medalyny goşdy.

Çempionatyň ilkinji üç günüň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy 1 kümüş we 5 bürünç medala mynasyp bolup, medal hasabynda altynjy ýeri eýeleýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026