HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Onlaýn edebiýaty - Hytaý bilen dünýäniñ arasyndaky medeni köpri

Iýul 08, 2025 | 16:20 |4575
Hytaýyň onlaýn edebiýaty, ozal diňe bir dar gatlak üçin gyzykly güýmenje hasaplanýan bolsa-da, häzirki wagtda Hytaý bilen dünýäniň arasynda medeni köpri bolup hyzmat edýär.Hytaýyň onlaýn edebiýaty, ozal diňe bir dar gatlak üçin gyzykly güýmenje hasaplanýan bolsa-da, häzirki wagtda Hytaý bilen dünýäniň arasynda medeni köpri bolup hyzmat edýär.
Çeşme: Xiang Lai

Hytaýyň onlaýn edebiýaty, ozal diňe bir dar gatlak üçin gyzykly güýmenje hasaplanýan bolsa-da, häzirki wagtda Hytaý bilen dünýäniň arasynda medeni köpri bolup hyzmat edýär. Kino, animasiýa we oýunlara uýgunlaşdyrylmagynyñ netijesinde millionlarça daşary ýurt okyjylary özüne çekiji we täsirli suratlar arkaly häzirki zaman Hytaýy tanap başlaýarlar. Bu barada “People's Daily” habar berýär.

Hytaýyň Jemgyýetçilik Ylymlary Akademiýasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda hytaý onlaýn edebiýatynyň daşary ýurt bazary 5 milliard ýuandan ($695 million) geçdi. Bu bolsa 460 müňden gowrak awtory we 200-den gowrak ýurt hem-de sebitde 350 milliondan köp okyjyny öz içine alýar.

1

Fransiýada, Kanadada, Günorta Koreýada we beýleki ýurtlarda web-romanlar okyjylary diňe bir medeniýeti öwrenmäge däl, eýsem terjimelere we aşpezlik synanyşyklaryna hem ruhlandyrýar. Meselem, Kann şäherinde bir ene “Jadygöýi azat et” atly fentezi romanyndaky düşündirişlere esaslanyp, “doňdurylan hamly baoszy” tagamyny taýýarlady. Kwebekde bolsa çagalar bagynyň mugallymy iň gowy görýän kitaplaryny fransuz diline terjime edýär.

2

“Hytaý onlaýn edebiýaty hakyky duýgulary we ahlak gymmatlyklaryny beýan edýär” - diýip, hytaý romanlarynyň iň uly fransuz dilli terjime platformasy bolan Chireads-yň ýolbaşçysy Çarlz Dýuis aýtdy. Bu platforma esasan Fransiýadan, Belgiýadan we Kanadadan bolan aýda takmynan bir million işjeň ulanyjyny özüne çekýär.

3

Günorta Koreýada hytaý edebiýaty ekranlaşdyrylan eserleriň üsti bilen meşhurlyk gazanýar. Terjimeçi Pak Nu Li köp tomaşaçylaryň seriallara tomaşa edenlerinden soň asyl eserleri okap başlaýandyklaryny belledi. “Bu aýlawly hadysa hytaý edebiýatynyň aýratynlygydyr” - diýip, ol belledi.

Bangladeşli talyp gyz Andiz Ziaddin çagalyk döwründen bäri hytaý romanlaryny okaýar we bu eserlerde öňe sürülýän tutanýerlilik, ykbal we adalat ýaly temalaryň Günorta Aziýa okyjylarynda uly täsir döredýändigini belleýär.

4

Bilermenleriň pikirine görä, fentezi eserlerinden başlap söweş sungatlaryna, ylmy fantastikadan romanalara çenli giň žanr köpdürlüligi hytaý onlaýn edebiýatyny dünýäniň dürli künjegindäki okyjylar üçin özüne çekiji edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026