Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Windows 25H2: öňünden gurnalan goşundylaryñ amatly usulda aýrylmagy

Iýul 07, 2025 | 18:30 |4466
Microsoft Insider Preview maksatnamasynyň çäginde Windows 25H2 täze wersiýasynyň resmi ýaýradylmagyna başladyMicrosoft Insider Preview maksatnamasynyň çäginde Windows 25H2 täze wersiýasynyň resmi ýaýradylmagyna başlady
Çeşme: Microsoft

Microsoft Insider Preview maksatnamasynyň çäginde Windows 25H2 täze wersiýasynyň resmi ýaýradylmagyna başlady. Geljekde ähli ulanyjylar üçin elýeterli boljak bu täzeleniş möhüm we köpden bäri garaşylan täzeligi öz içine alýar: öňünden gurnalan goşundylary aýyrmagyň has ýönekeýleşdirilen usuly.

Windows 11 ulanyjylarynyň köpüsi köplenç «Bellikler», «Pasýans», «Tiz kömek», Xbox ýa-da Clipchamp ýaly öňünden gurnalan goşundylara mätäç bolmaýarlar. Öň bu goşundylary aýyrmak üçin tabşyryk setiri ýa-da PowerShell bilen işlemäge degişli başarnyk gerekdi, bu bolsa ähli ulanyjylar üçin amatly däldi we ýalňyşlyklara ýa-da ulgam sazlamalarynyň bozulmagyna getirip bilýärdi.

Patch My PC platformasy bu goşundylary aňsat we ygtybarly usul bilen aýyrmaga mümkinçilik berýän funksiýanyň Windows ulgamyna goşulmagy ugrunda işjeň çykyş edýärdi. Microsoft bu isleglere gulak asyp, Windows 25H2-nyň soňky gurnamasynyñ toparlaýyn ugrunda «Microsoft Store bukjalaryny ulgamdan deslapky ýagdaýda aýyrmak» atly täze opsiýany goşdy. Bu funksiýa haýsy programmanyň aýrylmalydygyny, haýsynyň bolsa galmalydygyny merkezi taýdan dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Ony aşakdaky ýolda tapyp bilersiňiz: «Kompýuteriň konfigurasiýasy» → «Administratiw şablonlar» → «Windows komponentleri» → «Goşundy bukjalarynyñ ornaşdyrylmagy».

Şeýle-de bolsa, bu amatly funksiýanyň ähli ulanyjylar üçin elýeterli däldigini bellemelidir. Ol diňe Windows Pro wersiýalary üçin niýetlenendir; Windows Home edition wersiýasynyň ulanyjylary bu täze mümkinçilikden peýdalanyp bilmezler. Bu girizilen täzeçilik köp ulanyjylar üçin goşundylary dolandyrmagy ep-esli ýeňilleşdirer we operasion ulgamyny öz isleglerine görä has çeýe ýagdaýda sazlamaga mümkinçilik berer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026