HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

MIT mmNorm ulgamyny döretdi: robotlar päsgelçilikleriň aňyrsyndaky zatlary "görýärler"

Iýul 07, 2025 | 15:50 |4763
Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň (MIT) alymlary möhüm açyş edip, mmNorm atly ulgamy döretdiler. Bu ulgam robotlara göni göze görünmeýän zatlary ýüze çykarmaga we olaryň takyk 3D modellerini döretmäge mümkinçilik berýärMassaçusets Tehnologiýa Institutynyň (MIT) alymlary möhüm açyş edip, mmNorm atly ulgamy döretdiler. Bu ulgam robotlara göni göze görünmeýän zatlary ýüze çykarmaga we olaryň takyk 3D modellerini döretmäge mümkinçilik berýär
Çeşme: news.mit.edu

Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň (MIT) alymlary möhüm açyş edip, mmNorm atly ulgamy döretdiler. Bu ulgam robotlara göni göze görünmeýän zatlary ýüze çykarmaga we olaryň takyk 3D modellerini döretmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa gaplanan önümleri açmazdan, olaryň kemçiliklerini ýüze çykarmak ýaly ulanyş mümkinçilikleriniň gapysyny açýar.

Bu tehnologiýanyň özeninde millimetrlik tolkun diapazonyndaky radiotolkunlar (mmWave) ýerleşýär. Bu tolkunlar Wi-Fi we 5G ulgamynda hem ulanylýar. Olar plastik gaplar ýa-da karton gutular ýaly dürli materiallaryň içinden geçip, içindäki gizlin zatlardan yza serpilýär. mmNorm ulgamyny öňki usullardan tapawutlandyrýan esasy aýratynlyk — ulgam signal ýer giňişligindäki ýerleşişinden başga-da, her nokatdaky obýektiň ýüzüniň ugruny hem seljerýändir. mmNorm şeýle ýüzlere perpendikulýar bolan «normallary» hasaplap, gizlin obýektiň egriligini we umumy üç ölçegli görnüşini örän takyk dikeldip bilýär.

Ulgamyň takyklygy gündelik durmuşda duş gelýän çylşyrymly egrilen görnüşli zatlary dikeltmekde 96%-e ýetýär, bu bolsa öňki 78%-lik netijelerden ep-esli ýokarydyr. Barlaglaryñ awtorlarynyň biri Fadel Adib bu üstünlikleriň «signal işleýşine düýpgöter täze çemeleşme» bilen baglydygyny nygtady. Şeýle ýokary netijelilik ulgamyň giň mümkinçiliklerini açýar: zawodlardaky hil gözegçiliginden we harytlary tertiplemekden başlap, garrylar öýlerinde kömek bermäge çenli, şeýle hem gurallary ýapyk gutylarda tanamakda we hatda olaryň tutawajyny dogry tutmak üçin ony tanamakda robotlar üçin hem peýdalydyr. Şonuň ýaly-da, mmNorm agaç, metal, plastik, rezin we aýna ýaly materiallardan ýasalan zatlar bilen gowy işleýär. Ýöne häzirki wagtda metal ýa-da örän galyň diwarly ýerlerde ýerleşýän zatlary skanirlemek üçin amatly däl.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026