HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Iýul 07, 2025 | 22:54 |4530
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we onuň gyrgyz ministri Žeenbek Kulubaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildiŞu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we onuň gyrgyz ministri Žeenbek Kulubaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
Çeşme: orient.tm

Aşgabat, 7-nji iýul | ORIENT. Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we onuň gyrgyz ministri Žeenbek Kulubaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy taraplaryna ünsi jemlediler hem-de sebitara we halkara gün tertibiniň has möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar.

Ara alyp maslahatlaşmagyň esasy bölegi 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçinji maslahatyna (LLDC3) taýýarlyk işlerine bagyşlandy. Gyrgyz Respublikasynyň wekiliýeti bu möhüm foruma gatnaşmagy meýilleşdirýär diýip, Gyrgyz Respublikasynyň DIM-niň metbugat beýanatynda bellenilýär.

Ministrler LLDC ýurtlarynyň bähbitlerini öňe sürmekde, sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we durnukly ösüşi ösdürmekde esasy ornuny belläp, çäräniň üstünlikli geçirilmeginiň möhümdigini aýratyn nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda DIM-niň ýolbaşçylary gyrgyz-türkmen hyzmatdaşlygyny ikitaraplaýyn esasda şeýle hem halkara guramalarynyň çäginde mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga berk ygrarlydyklaryny tassykladylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026