HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Anker öý üçin niýetlenen teksturaly çap edýän eufyMake E1 3D printerini çykardy

Iýul 06, 2025 | 17:50 |4400
Anker kompaniýasynyñ golçur brendi eufyMake, täze eufyMake E1 UV-printeri üçin öňünden sargytlary açdy. Bu enjam aprel aýynda Kickstarter platformasynda ilkinji gezek görkezilip, takmynan 47 million dollar maýa goýumary toplady. Indi bolsa ony resmi web sahypasynda satyn alyp bolýarAnker kompaniýasynyñ golçur brendi eufyMake, täze eufyMake E1 UV-printeri üçin öňünden sargytlary açdy. Bu enjam aprel aýynda Kickstarter platformasynda ilkinji gezek görkezilip, takmynan 47 million dollar maýa goýumary toplady. Indi bolsa ony resmi web sahypasynda satyn alyp bolýar
Çeşme: eufyMake

Anker kompaniýasynyñ golçur brendi eufyMake, täze eufyMake E1 UV-printeri üçin öňünden sargytlary açdy. Bu enjam aprel aýynda Kickstarter platformasynda ilkinji gezek görkezilip, takmynan 47 million dollar maýa goýumary toplady. Indi bolsa ony resmi web sahypasynda satyn alyp bolýar.

eufyMake E1 — bu 300-den gowrak materiallarda çuñlugy 5 mm bolan ýokary hilli 3D teksturalary çap edip bilýän stoluň üstünde ýerleşdirilýän UV-printerdir. Ol agaç ýa-da deriniň ýüz gurluşy ýaly taktil effektleri döretmäge mümkinçilik berýän Amass3D tehnologiýasyny ulanýar, bu bolsa dizaýn we el işleriniň höwesjeňleri üçin ajaýyp saýlawdyr. Printer 1440 DPI ýokary çözgütli çap, takyk reňk geçirişini üpjün edýär hem-de suw geçirmeýän UV syýa ulanýar.

1

Enjam dört çap tertibini goldaýar: tekiz, mini-tekiz, aýlawly we 10 metre çenli uzynlykda. Şeýle hem, suratlar bilen işlemek üçin programmada emeli aň (AI) gurallary bilen üpjün edilendir. Printer bilen bilelikde 20 000 taýýar nusga üçin bir ýyllyk abuna hem hödürlenýär.

Öňünden sargyt edenlere ak reňkli UV syýasynyň mugt gaplary we aksessuarlar üçin arzanladyş berilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026