HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDBGI öňdebaryjylaryň arasynda: Milli reýtingiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy

Iýul 05, 2025 | 15:50 |5148
2-nji iýulda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýyllyk reýting bahalandyrmasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi2-nji iýulda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýyllyk reýting bahalandyrmasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
Çeşme: bilim.tm

2-nji iýulda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýyllyk reýting bahalandyrmasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bahalandyrma Türkmenistanyň bilim ministriniň 2024-nji ýylyň 27-nji iýulynda çykaran №246 belgili buýrugy bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy hakyndaky Düzgünnama” laýyklykda alnyp baryldy. Bahalandyrma maglumatlary hakyky wagt tertibinde ýygnaýan we seljerýän milli onlaýn ulgamy arkaly geçirildi.

Reýting ulgamy ýokary hünär bilimiň ähli ugurlaryny 6 esasy ugur boýunça 53 şerte laýyklykda bahalandyrýar. Munuň bilen birlikde diňe bir ýokary okuw mekdebiniň işi däl, eýsem onuň fakultetleriniň, kafedralarynyň hem-de professor-mugallymlar düzüminiň alyp barýan işleriniñ hil derejesi hem göz öňünde tutulýar.

Bahalandyrmanyň netijelerine görä, institut umumy görkezijiler boýunça ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 4-nji orny eýeledi, mugallymlaryň we talyplaryň sany boýunça bolsa 3-nji orna mynasyp boldy.

Institutyň umumy görkezijilerinden başga-da, himiýa-tehnologiýa fakulteti fakultetleriň arasynda 2-nji orny eýeledi, “Diller” kafedrasy kafedralaryň arasynda 3-nji orna mynasyp boldy, şeýle hem “Ýokary matematika” kafedrasynyň uly mugallymy we kafedra müdiri Sähetgylyç Gylyjow ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda 2-nji orna mynasyp boldy.

Dabaraly sylaglamak çäresinde ýeňijilere institutyň Kärdeşler arkalaşygynyñ komiteti tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026