HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-nde Polşanyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

Iýul 05, 2025 | 12:07 |5925
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Polşa Respublikasynyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Pawel Kowal bilen duşuşygy geçirildi.Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Polşa Respublikasynyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Pawel Kowal bilen duşuşygy geçirildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Polşa Respublikasynyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Pawel Kowal bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň halkara guramalaryň, hususan-da Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki hyzmatdaşlygynyň berkemegini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Daşary işler ministriň orunbasary Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen ähli rezolýusiýalary goldandygy üçin polşa tarapyna minnetdarlygyny bildirip, işjeň hökümetara we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmäge türkmen tarapynyň ygrarlylygyny tassyklady.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýulmagy, iki ýurduň wekiliýetleriniň Türkmenistanda we Polşada guralýan sergilere gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, taraplar medeniýet, bilim we ylym ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetini bellediler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026