HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

AI Microsoft MAI-DxO: agyr ýagdaýlary anyklamakda artykmaçlyk

Iýul 04, 2025 | 13:45 |5181
Microsoft kompaniýasynyň täze emeli aň anyklaýyş guraly bolan MAI-DxO agyr lukmançylyk ýagdaýlary anyklamakda tejribeli lukmanlar topary bilen deňeşdirilende, has ýokary takyklygy görkezmegi başardyMicrosoft kompaniýasynyň täze emeli aň anyklaýyş guraly bolan MAI-DxO agyr lukmançylyk ýagdaýlary anyklamakda tejribeli lukmanlar topary bilen deňeşdirilende, has ýokary takyklygy görkezmegi başardy
Çeşme: Leonardo

Microsoft kompaniýasynyň täze emeli aň anyklaýyş guraly bolan MAI-DxO agyr lukmançylyk ýagdaýlary anyklamakda tejribeli lukmanlar topary bilen deňeşdirilende, has ýokary takyklygy görkezmegi başardy. Içerki synaglaryň çäklerinde MAI-DxO 85,5 % ýagdaýlarda keseli dogry anyklap bildi, şol wagtda ABŞ-niň we Beýik Britaniýanyň 21 sany tejribeli lukmanlary bu wezipäni bary-ýogy 20 % derejesinde ýerine ýetirip bildiler.

Synaglar New England Journal of Medicine neşirinde çap edilen 304 sany agyr lukmançylyk ýagdaýlarda geçirildi. MAI-DxO lukmanyň iş prosesini gaýtalap, keseleiň alamatlaryny seljerýär hem-de zerur bolan anyklaýyş işlerini teklip edýär. Şol bir wagtda-da ol artykmaç synaglary aradan aýyrmak bilen, çykdajylary kadalaşdyrýar.

Gural GPT, Llama, Claude we Gemini ýaly öňdebaryjy dil modelleriniň jemini ulanýar. Iň gowy netijeleri bolsa OpenAI kompaniýasynyň o3 modeli bilen geçirilen işler görkezdi. Microsoft kompaniýasy synagyň “yzygiderli anyklaýşa” gönükdirilendigi barada belleýär. Bu bolsa ýönekeý ýat tutmany däl-de, çuň düşünmäni talap edýän esasy ukypdyr. Hakyky tejribeden tapawutlylykda, synagda lukmanlar geňeşme mümkinçiliksiz işländiklerini bellemek zerur.

MAI-DxO entek lukmançylyk ulanyş üçin taýýar däldir. Öňde ýene synaglar, lukmançylyk barlaglary geçirilmeli hem-de düzgünleşdiriji edaralar tarapyndan makullanmalydyr. Microsoft MAI-DxO guralyny saglygy goraýyş hünärmenleriň ýerini tutup biljek däl-de, eýsem olaryň gündelik wezipelerini awtomatlaşdyrýan we anyklaýyşda kömek edýän lukmanlara goldaw beriji gural hökmünde görýär. Barlaglaryň netijeleri entek tassyklanmadyk ylmy makalada beýan edilendir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026