HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Parižde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa toparynyň 33-nji sessiýasyna gatnaşýar

Iýul 03, 2025 | 10:00 |4381
25-nji iýundan 3-nji iýula çenli ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda
ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa toparynyň 33-nji sessiýasy geçirilýär.25-nji iýundan 3-nji iýula çenli ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda
ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa toparynyň 33-nji sessiýasy geçirilýär.
Çeşme: Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasynyň Sosial Mediýasy

25-nji iýundan 3-nji iýula çenli ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa toparynyň 33-nji sessiýasy geçirilýär. Bu bolsa ummanlary öwrenmäge we olary gorap saklamaga bagyşlanan esasy halkara çäreleriň biri bolup durýar.Çäräniň öňüsyrasynda, ýagny 24-nji iýunda HOT-yň Ýerine ýetiriji komitetiniň 58-nji sessiýasy hem geçirildi.

Sessiýanyň çäklerinde ummanlaryň monitoringi, howanyň üýtgemeginiň netijelerini çaklamak we deňiz gurşawyny goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ylmy maslahatlaşmalar we tematiki duşuşyklar geçirilýär.

Çäräniň işine Türkmenisatnyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Onuň düzümine Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň şertnama-hukuk bölüminiň wekili Kemal Garaýew girýär.

1

Türkmenistan deňiz ekoulgamlaryny goramak, okeanografiýa babatda ylmy barlaglary ösdürmek we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça halkara başlangyçlaryna bolan ygrarlylygyny tassyklaýar. Biologik köpdürliligi gorap saklamak we deňiz serişdelerini, şol sanda Hazar deňzini sebitiň özboluşly tebigy ýeri hökmünde durnukly ulanmak, ýaly işlere aýratyn üns berilýär.

HOT-yň alyp barýan işine işjeň gatnaşmak Türkmenistana ylmy-tehniki binýadyny berkitmäge, halkara ylmy dialogyny çuňlaşdyrmaga hem-de ummanlary we deňizleri goramak bilen baglanyşykly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde öz goşandyny goşmaga mümkinçilik berýär.

Hökümetara okeanografiýa topary (HOT) bu 1960-njy ýylda döredilen BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolup, ummanlar bilen baglanyşykly ylmy barlaglary alyp barmak, irki duýduryş ulgamyny işläp taýýarlamak hem-de deňiz serişdelerini durnukly ulanmak boýunça halkara tagallalary utgaşdyrýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026