HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Microsoft emeli aň tehnologiýasyna çekilýän maýa goýumlar bilen baglylykda 9 müň işgärini işden boşadýar

Iýul 03, 2025 | 18:15 |5270
Microsoft kompaniýasy takmynan 9 müň işgäriniň işden boşadyljakdygyny habar berdi, bu bolsa kompaniýanyň jemi işgärleriniň 4%-den az bölegine deñdir. Bu soňky iki ýylyñ dowamynda iň uly işden boşatmadyrMicrosoft kompaniýasy takmynan 9 müň işgäriniň işden boşadyljakdygyny habar berdi, bu bolsa kompaniýanyň jemi işgärleriniň 4%-den az bölegine deñdir. Bu soňky iki ýylyñ dowamynda iň uly işden boşatmadyr
Çeşme: ru.euronews.com

Microsoft kompaniýasy takmynan 9 müň işgäriniň işden boşadyljakdygyny habar berdi, bu bolsa kompaniýanyň jemi işgärleriniň 4%-den az bölegine deñdir. Bu soňky iki ýylyñ dowamynda iň uly işden boşatmadyr. Bu ädim kompaniýanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we strategik ugurlara, esasanam emeli aňyň ösüşine, ünsi jemlemäge gönükdirilendir.

Işden boşatmalar 2-nji iýul, çarşenbe güni başlandy we bu ýagdaý Xbox oýun bölüminiň, şeýle hem dünýäniň dürli künjeklerindäki beýleki bölümleriň işgärlerine, şol sanda satuw bölümlerine hem täsir etdi. Hususan-da, işden boşadyljaklaryň 830-nyñ Microsoft-yň Waşington ştatyndaky Redmond şäherindäki baş edarasy bilen baglanyşyklydygy habar berildi. Xbox-yň baş direktory Fil Spenser bu çäreleriň maksadynyň oýun işewürliginiñ "uzak möhletli üstünlik" gazanmagyny üpjün etmek hem-de dolandyryş derejelerini azaldyp, operatiwligi ýokarlandyrmak bolup durýandygyny aýtdy.

2024-nji ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, Microsoft-da 228 müň töweregi doly iş wagtynda işleýän işgär bardy. Häzirki meýilleşdirilen işden boşatmalar şol sanlaryň 4%-den hem az bölegini tutýar. Bu ýagdaý ilkinji gezek bolup geçýän zat däl: 2025-nji ýylyň maý aýynda kompaniýa eýýäm 6 müň işgärini işden boşadypdy. Mundan başga-da, Redmond we Pýujet-Sound sebitinde hem işden boşatmalar bolup geçdi.

Bu çärelere Microsoft-yň emeli aň infrastrukturasyna, şol sanda maglumat işleýiş merkezlerine we ýöriteleşdirilen kompýuter çiplerine gönükdirýän uly maýa goýumlarynyň dowam edýän döwründe başlanyldy. Häzirki maliýe ýylynda bu ugurda takmynan 80 milliard ABŞ dollary möçberinde çykdajy bolmagyna garaşylýar.

Derñew geçirijileriñ pikirleri we Xbox-a täsiri

Derñewçi Dan Aýwzyň bellemegine görä, soňky işden boşatmalar esasan ösüşi haýallyk bilen dowam edýän işewürlik ugurlaryna täsir etdi. Bu bolsa Microsoft-yñ häzirki wagtda emeli aň tehnologiýalaryna, bulut tehnologiýalaryna we «Microsoft-yň indiki nesline» ünsi jemleýändigi bilen baglanyşyklydyr.

Şeýle-de, Xbox oýun bölüminiň işgärleriniň işden boşadylmagy Activision Blizzard (75,4 mlrd dollar) we ZeniMax Media (7,5 mlrd dollar) ýaly iri kompaniýalaryň satyn alynmagyndan soň bolup geçdi.

Emeli aňyň iş orunlaryna edýän täsiri bilen baglanyşykly soraglar ýüze çykýar, esasanam inžener-programmistleriň işden boşadylmagy bilen baglylykda. Sebäbi Microsoft-yň özüni AI bilen işleýän kod ýazýan programma üpjünçiligi bu hünärmenlere bolan zerurlygy azaldyp biler. Microsoft-yň baş direktory Satýa Nadella öňki çykyşlarynda "käbir taslamalaryň 20–30% kodynyň eýýäm AI tarapyndan ýazylandygyny" belläpdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

16:40 Iýun 18, 2026
Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

16:35 Iýun 18, 2026
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026