HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kiýew studiýasy AR aýnalary üçin dünýäniñ ilkinji SaaS-platformasyny işe girizýär

Iýul 02, 2025 | 15:25 |4390
Kiýewde ýerleşýän ffface.me studiýasy loook.ai atly täze ulgamyny işe girizdi. Bu ulgam islendik sanly displeýi goşmaça hakykat (AR) aýnasyna öwürýärKiýewde ýerleşýän ffface.me studiýasy loook.ai atly täze ulgamyny işe girizdi. Bu ulgam islendik sanly displeýi goşmaça hakykat (AR) aýnasyna öwürýär
Çeşme: ffface.me

Kiýewde ýerleşýän ffface.me studiýasy loook.ai atly täze ulgamyny işe girizdi. Bu ulgam islendik sanly displeýi goşmaça hakykat (AR) aýnasyna öwürýär. Tehnologiýa awtonom ýagdaýda adamy tanap bilýär, ekrany wirtual elementler bilen janlandyrýar we baş hereketlerine täsir edýär — bu bolsa sensora degmezden interaktiw tejribäni döredip bilýär.

loook.ai giň uýgunlaşma mümkinçiliklerine eýedir: ähli displeýler bilen işleýär we taýýarlanan ýerde diňe bir günüň içinde çalt gurnap bolýar. Bu ulgam eýýäm dürli ugurlarda üstünlikli ulanylýar: moda we kosmetika industriýasy (Prada, Mugler, Maybelline), elektronika, şourumlar, howa menzilleri we iri çäreler. Ulgamyň durnukly işlemegi we analitikasy üçin esasy şert — yzygiderli internet birikmesi.

loook.ai ulgamynyň esaaynda şahsy maglumatlary, foto we wideo materiallary saklamaýan, diňe serediş ugruny we täsirleşme wagtyny yzarlap bilýän emeli aň tehnologiýasy ýatyr. Bu bolsa doly gizlinligi üpjün edýär. Güýçli kameralar we serwerler adamyň 3D-modellerini hakyky wagtda döredýär, bu modellere bolsa AR-täsirler tebigy ýagdaýda we bökdençsiz ornaşdyrylýar.

Bu ulgam brendlere “banner körlügini” ýeňip geçmäge kömek edip, ekrany passiw sudurdan dinamkki giňişlik bölegine öwürmdk bilen, mahsbaty özüne çekiji we interaktiw edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026