HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilon Mask täze Grok 4 AI-modeli barada yglan etdi

Iýul 01, 2025 | 16:05 |5082
Ilon Mask, xAI kompaniýasynyň täze Grok 4 emeli añ modeliniň 4-nji iýuldan soňra çykjakdygyny habar berdi. Ilkibaşda bu model Grok 3.5 hökmünde işlenip başlandy, emma taýýarlaýyş döwründe ady üýtgedildiIlon Mask, xAI kompaniýasynyň täze Grok 4 emeli añ modeliniň 4-nji iýuldan soňra çykjakdygyny habar berdi. Ilkibaşda bu model Grok 3.5 hökmünde işlenip başlandy, emma taýýarlaýyş döwründe ady üýtgedildi
Çeşme: Midjourney

Ilon Mask, xAI kompaniýasynyň täze Grok 4 emeli añ modeliniň 4-nji iýuldan soňra çykjakdygyny habar berdi. Ilkibaşda bu model Grok 3.5 hökmünde işlenip başlandy, emma taýýarlaýyş döwründe ady üýtgedildi.

27-nji iýunda Mask X sosial ulgamynda şeýle ýazdy: «@xAI topary bilen @Grok modeliniñ üstünde bütin gije işledik. Gürrüňsiz ösüş bar. Täze wersiýa Grok 4 diýlip atlandyrylyp, ol 4-nji iýuldan soň çykar. Kody ýazmak üçin ýöriteleşdirilen modeliň ýene bir uly synagy gerek».

Bu habar fewralda çykan Grok 3 modeliniñ dowamydyr. xAI bu modeli özünden öňküsinden ep-esli akylly diýip atlandyrýar. Grok modeliniñ şu wagtky wersiýasy X Premium Plus ulanyjylary üçin we xAI-nyň ýörite platformalary arkaly elýeterlidir.

Mask Grok 4 bilen baglanyşykly uly meýilnamalaryny aýan etdi. Ol bu täze modeliň öňdebaryjy logiki pikirleniş ukyby bilen internediň çägindäki "bütin adamzat bilim ulgamyny täzeden ýazmak" üçin ulanyljakdygyny aýtdy. Bu işiň maksady — nädogry maglumatlary aradan aýyrmak, ýetmeýän maglumatlary goşmak we “hapa maglumatlary” arassalamak bolup durýar.

X kompaniýasynyñ baş direktory Linda Ýakkarino ýakynda eden çykyşlarynda xAI-nyň täze Grok modeliniň “dünýädäki iň akylly AI modeli” boljagyna ynam bildiripdi.

2023-nji ýylda Mask tarapyndan esaslandyrylan xAI kompaniýasy Grok 3 modelini özüniñ dokuz aýdan hem az wagtyň içinde düzülen Colossus atly superkompýuteri arkaly işläp taýýarlandy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026