HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Gökdere jülgesinde ýaş nesiller üçin sport bäsleşikleri we döredijilik çäresi gurnaldy

Iýul 02, 2025 | 19:30 |3792
Sport çäresine gatnaşan çagalar toparlara bölünip, sportuň birnäçe görnüşleri boýunça ýaryşdylar. Çagalaryň arasynda geçirilen sport bäsleşikleri gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi.Sport çäresine gatnaşan çagalar toparlara bölünip, sportuň birnäçe görnüşleri boýunça ýaryşdylar. Çagalaryň arasynda geçirilen sport bäsleşikleri gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi.
Çeşme: orient.tm

2-nji iýulda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýaşlary watansöýüji, ruhubelent, sagdyn bedenli, ugurtapyjy, gujurly-gaýratly kemal getirmek maksady bilen sport hem-de döredijilik çäreleri gurnaldy.

02072025 арагатнашык1.jpg

Sport çäresine gatnaşan çagalar toparlara bölünip, sportuň birnäçe görnüşleri boýunça ýaryşdylar. Çagalaryň arasynda geçirilen sport bäsleşikleri gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Ýeňiji bolan toparlara «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

02072025 арагатнашык1.jpg

Şeýle hem, sport çäresinden soň çagalaryň öňünde Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleri özleriniň taýýarlan baý many-mazmunly döredijilik sahnalary bilen çykyş etdiler. Görkezilen şadyýan sahnalar we şowhunly aýdym-sazly çykyşlar çagalara şatlyk we ruhubelentlik paýlady.

02072025 арагатнашык1.jpg

Adamyň saglygyna we özüni duýşuna örän gowy täsirini ýetirýän Gökdere jülgesinde tomus möwsümini sapaly we peýdaly geçirýän bagtyýar çagalar, özleri üçin döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

02072025 арагатнашык1.jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026