HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumynyň esasy wezipelerini beýan etdi

Iýul 01, 2025 | 07:35 |3900
30-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi30-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çeşme: orient.tm

30-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumyny ösdürmek we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem Ahal welaýatynyň gallaçy daýhanlarynyň 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnap, bu ugurdaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habar beýän edildi.

Umuman ýurtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny doly ýygnap almak hem-de galla oragyny tamamlamak boýunça işler batly depginde alnyp barylýar. Welaýatlarada ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär, geljek ýylyň hasylyna bugdaý tohumlaryny taýýarlamak hem-de bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirmek işleri alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Käbir welaýatlara şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri we gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almagyň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi. Şeýle-de döwlet Baştutany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Wise-premýer Taňryguly Atahallyýew ýurtduň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Maslahatyny jemläp, Prezident Serdar Berdimuhamedowm oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetdäki möhüm ornuna ünsi çekdi. Döwlet Baştutany oba hojalyk önümçiligine ekinleriň hasyllylygyny, hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän döwrebap usullaryň we tehnologiýalaryň, öňdebaryjy tejribäniň giňden ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem wise-premýere galla oragy möwsümini netijeli tamamlamak, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk geçirmek, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady we bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026