HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Iýul 01, 2025 | 12:30 |3812
“Watan” gazetiniň redaksiýasy hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyna goşant goşmak, ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleri şöhlelendirmek maksady bilen, “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi“Watan” gazetiniň redaksiýasy hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyna goşant goşmak, ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleri şöhlelendirmek maksady bilen, “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi
Çeşme: Guramaçylar tarapyndan berlen

“Watan” gazetiniň redaksiýasy hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyna goşant goşmak, ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleri şöhlelendirmek maksady bilen, “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň resmi agzalary öň metbugat sahypalarynda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik makalalaryny, şygyr, kyssa hem-de dürli žanrlarda ýazylan eserlerini bäsleşige hödürläp bilerler.

Bäsleşige hödürlenýän işlerde berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, hemişelik Bitaraplygymyzyň sebitiň we dünýäniň parahatçylykly ösüşlerine, halklaryň ynanyşyp ýaşamaklaryna ýetirýän täsirleri, gözel tebigatymyza söýgi hem-de hormat, ýurdumyzda “ýaşyl” ösüşe gönükdirilen işler şöhlelendirilmeli.

Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumaty (okaýan, işleýän, ýaşaýan ýeriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonyny) goşmaly.

Hödürlenjek eserleri “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” diýen ýazgy bilen watan@sanly.tm elektron poçtasyna 19.09.2025 senesine çenli ibermeli.

Bäsleşigiň jemi 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlener we ýeňijilere Hormat hatlary, baýraklar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 38-61-06; 94-03-26.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026