HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Microsoft Windows 11 25H2 synag görnüşini döretdi

Iýun 30, 2025 | 18:30 |5057
Microsoft Windows 11 25H2 operasiýa ulgamynyň ilkinji synag görnüşini döretdi, ol eýýäm öňünden synag maksatnamasynyň gatnaşyjylary üçin elýeterli boldy. Bu operasiýa ulgamynyň durnukly görnüşi şu ýylyň güýzünde çykar.Microsoft Windows 11 25H2 operasiýa ulgamynyň ilkinji synag görnüşini döretdi, ol eýýäm öňünden synag maksatnamasynyň gatnaşyjylary üçin elýeterli boldy. Bu operasiýa ulgamynyň durnukly görnüşi şu ýylyň güýzünde çykar.
Çeşme: Windows Central

Microsoft Windows 11 25H2 operasiýa ulgamynyň ilkinji synag görnüşini döretdi, ol eýýäm öňünden synag maksatnamasynyň gatnaşyjylary üçin elýeterli boldy. Bu operasiýa ulgamynyň durnukly görnüşi şu ýylyň güýzünde çykar.

Windows 11 25H2, 24H2 bilen bir platforma esaslanýar we ikisi hem bir hyzmat şahasyny ulanýar. Bu bolsa ulanyjylar üçin täzelenme prosesini ep-esli ýeňilleşdirýär: Windows 11 24H2-den 25H2-e geçmek adaty toplumlaýyn täzelenmäni gurmak bilen deň wagtda dowam eder. Ulgamyň faýllary täzeden ýazylmaz we tutuş proses – ýükleme, gurnamak we täzeden işe girizmek – bary-ýogy birnäçe minut alar. Bu ýagdaý Windows 11 23H2-den 24H2-e geçiş bilen deňeşdirilende düýpgöter tapawutlydyr, sebäbi öňki geçişde ulgamyň birnäçe esasy komponentleriniň täzeden ýazylmagy talap edilýärdi we bu has köp wagt alýardy.

Bir platforma esaslanyp işlenilmegi sebäpli, Windows 11 25H2 we 24H2 meňzeş täze aýratynlyklara eýe bolup biler. Bu usul Microsoft üçin täze däl – 2023-nji ýylda 23H2 täzelenmesi bilen hem şeýle ýagdaý bolupdy. Işlemek möhletine gelende bolsa, Windows 11 25H2 korporatiw müşderiler üçin 36 aý, adaty ulanyjylar üçin bolsa 24 aý dowam eder.

Häzirki wagtda Windows 11 25H2-niň synag görnüşinde täze aýratynlyklar ýa-da uly üýtgeşmeler ýok; üýtgeşmeler sanawy soňky Windows 11 24H2 synag görnüşi bilen meňzeş. Şeýle-de bolsa, çeşmelere görä, diňe Windows 11 25H2 üçin niýetlenen aýratyn funksiýalaryň indiki hepdelerde synag ýygnanşyklarynda peýda bolmagyna garaşylýar. Operasiýa ulgamynyň durnukly görnüşiniñ sentýabr-oktabr aýlarynda ýaýramagyna garaşylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026