HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDU-da “akylly” Arkadag şäheriniň ikinji ýyllygy we “Arkadag” ýyldyzynyň açylyşy bellenildi

Iýun 28, 2025 | 16:30 |4535
27-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “akylly” Arkadag şäheriniň gurulmagynyň we ulanylmaga berilmeginiň ikinji ýyllygyna, şeýle hem 2024-nji ýylda “Kosmos-Zemin” jemgyýetiniň alymlary tarapyndan “Arkadag” diýip atlandyrylan ýyldyzyň açylyşyna bagyşlanan baýramçylyk maslahaty geçirildi27-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “akylly” Arkadag şäheriniň gurulmagynyň we ulanylmaga berilmeginiň ikinji ýyllygyna, şeýle hem 2024-nji ýylda “Kosmos-Zemin” jemgyýetiniň alymlary tarapyndan “Arkadag” diýip atlandyrylan ýyldyzyň açylyşyna bagyşlanan baýramçylyk maslahaty geçirildi
Çeşme: bilim.tm

27-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “akylly” Arkadag şäheriniň gurulmagynyň we ulanylmaga berilmeginiň ikinji ýyllygyna, şeýle hem 2024-nji ýylda “Kosmos-Zemin” jemgyýetiniň alymlary tarapyndan “Arkadag” diýip atlandyrylan ýyldyzyň açylyşyna bagyşlanan baýramçylyk maslahaty geçirildi.

Maslahata gatnaşan uniwersitetiň mugallymlary we astronom talyplary “akylly” Arkadag şäheriniñ taryhy ähmiýeti barada belläp geçdiler. Şäher türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maksatnamasy esasynda gurlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň halkara derejesinde takmynan 25 sany şahadatnamalary, minnetdarlyk hatlaryny we baýraklaryny alandygy buýsanç bilen nygtaldy.

Baýramçylyk maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyñ Bilim ministrligi tarapyndan guralan Abu Reýhan Biruni adyndaky astronomiýa olimpiadasynda üstünlik gazanan ýokary synp okuwçylaryna we talyplara ýadygärlik sowgatlary we diplomlar gowşuryldy.

Şeýle hem "Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşiginde birinji derejeli diplom, döş nyşany we kubok bilen sylaglanan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby ýadygärlik sowgadyna mynasyp boldy.

Uniwersitetiň çäginde tematiki kitaplaryň, halk amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, talyplaryň taslama, dürli desgalary we oýlap tapyşlar bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleriniň sergisi guraldy. Aýdymçylar bilen dutarçylaryň çykyşlary baýramçylyk ruhuny has-da artdyrdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026