HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Günorta Koreýa: Ylym-bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmak barada Ähtnama

Iýun 27, 2025 | 16:20 |4416
25-nji iýunda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim bolan ähmiýetli waka bolup geçdi25-nji iýunda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim bolan ähmiýetli waka bolup geçdi
Çeşme: education.gov.tm

25-nji iýunda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim bolan ähmiýetli waka bolup geçdi. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty hem-de Kanwon milli uniwersiteti ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri hakynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekdiler. Bu çäre göni wideo aragatnaşyk arkaly ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Bu resminama taraplaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilendir. Ol okuw maksatnamalarynyň ýokary hilini üpjün etmek üçin öňdebaryjy tejribäni we zerur bolan materiallary alyşmagy göz öňünde tutýar.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köptaraply meýdançalarda işjeň we üstünlikli ösdürilýändigini bellemelidir. Döwletara gatnaşyklary özara hormat goýmak, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleriniň esasynda yzygidreli pugtalandyrylýar. Işjeň aragatnaşyklar dürli ugurlar boýunça alnyp barylýar. Munuň bilen birlikde ylym we bilim ulgamlaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu pudaklar boýunça eýýäm bilelikdäki maksatnamalar durmuşa geçirilýär hem-de iki ýurduň ylmy merkezleriniň arasynda gatnaşyklar berkidilýär.

Täze ylalaşygyň çäklerinde bilelikdäki ylmy we bilim taslamalarynyň işläp düzülmegi hem-de durmuşa geçirilmegi, şeýle hem iki ýokary okuw mekdebiniň okuw we ylmy işiniň kämilleşdirilmegi göz öňünde tutulýar. Hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak we akademiki alyş-çalyşlara aýratyn üns berilýär. Munuň içine talyplar, mugallymlar we ylmy işgärler üçin hünär taýýarlyklaryny, şeýle hem bilelikdäki ylmy barlaglaryň geçirilmegi girýär.

Bu Ähtnama gol çekilmegi bilim babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berýär. Bu waka halkara ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmak, medeniýetleri we pikirleri ikitaraplaýyn baýlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açyp, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň umumy ösüşine we güllemegine ýardam berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Russiýanyň we Hytaýyň wetosyndan soň Eýrana garşy sanksiýalar boýunça bilermenler toparynyň ygtyýarlyklaryny uzaltmady

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Russiýanyň we Hytaýyň wetosyndan soň Eýrana garşy sanksiýalar boýunça bilermenler toparynyň ygtyýarlyklaryny uzaltmady

23:30 Sentýabr 18, 2026
Şwesiýadaky saýlawlar: Kristersson wezipesinden çekilýändigini yglan etdi we sosial ulgamlarda beýannama çap etdi

Şwesiýadaky saýlawlar: Kristersson wezipesinden çekilýändigini yglan etdi we sosial ulgamlarda beýannama çap etdi

23:00 Sentýabr 18, 2026
Ýaponiýanyň premýer-ministri esasy ýaranlaryny wezipesinde saklap, LDP-niň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler geçirýär

Ýaponiýanyň premýer-ministri esasy ýaranlaryny wezipesinde saklap, LDP-niň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler geçirýär

22:00 Sentýabr 18, 2026