HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi oturdylan Kiýewiň seýilgähe wirtual gezelenç

Iýun 26, 2025 | 00:20 |3029
Ukrainanyň paýtagty Kiýewiň merkezinde, Türkmenistanyň Ilçihanasynyň golaýynda ajaýyp seýilgäh ýerleşip, onuň çäginde görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi oturdylandyrUkrainanyň paýtagty Kiýewiň merkezinde, Türkmenistanyň Ilçihanasynyň golaýynda ajaýyp seýilgäh ýerleşip, onuň çäginde görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi oturdylandyr
Çeşme: Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

Ukrainanyň paýtagty Kiýewiň merkezinde, Türkmenistanyň Ilçihanasynyň golaýynda ajaýyp seýilgäh ýerleşip, onuň çäginde görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi oturdylandyr. Bu ýadygärlik eýýäm iki onýyllygyň dowamynda türkmen medeniýetine we edebiýatyna özboluşly gyzyklanmanyň şeýle hem Türkmenistanyň we Ukrainanyň halklarynyň arasynda dostlugyň we birek-birege hormat goýmagyň nyşanydyr.

Indi, Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen her bir gyzyklanýan adamlar bu ajaýyp seýilgähde wirtual “3D” gezelenç edip bilerler. “Google Map” programmasynyň kömegi bilen internet ulanyjylar dünýäniň islendik ýerinden beýik şahyryň ýadygärligini hut özleri görüp bilerler.

Bu taslama, her ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda işe girizildi.

Ýylyň bu pasylynda seýilgähiň gözelligine aýratyn öwüşgin berýän Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň nyşany şekilinde oturdylan gülleriň aýratyn owadanlygy bellärliklidir. Bu ajaýyp işler ýurduň milli nyşanlaryna çuňňur hormat goýmagyň alamaty bolup, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary nygtaýar.

“3D” arkaly gezelenç şu salgyda elýeterlidir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026