HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Fransiýa Respublikasynyň senatory bilen duşuşyk geçirildi

Iýun 26, 2025 | 10:57 |4557
2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Fransiýa Respublikasynyň senatory, Fransiýa – Merkezi Aziýa parlament dostluk toparynyň agzasy Samanta Kazebon bilen duşuşygy geçirildi.2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Fransiýa Respublikasynyň senatory, Fransiýa – Merkezi Aziýa parlament dostluk toparynyň agzasy Samanta Kazebon bilen duşuşygy geçirildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Fransiýa Respublikasynyň senatory, Fransiýa – Merkezi Aziýa parlament dostluk toparynyň agzasy Samanta Kazebon bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar parlamentara, hususan-da Fransiýa-Merkezi Aziýa parlament dostluk toparynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň orny barada belläp geçdiler.

Şeýle-de taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegiň wajyplygyny nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, hususan-da iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi.

Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini goldaýandygy hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklar üçin minnetdarlyk bildirip, M.Bäşimowa türkmen tarapynyň işjeň parlamentara dialogy ösdürmäge bolan taýýarlygyny tassyklady.

Taraplar iň ýokary we parlament derejedäki saparlaryň guralmagynyň ähmiýeti barada bellediler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026