HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HNweGU-da maslahat: häzirki zaman ylmynda we medeniýetinde Magtymguly Pyragynyň paýhasy

Iýun 23, 2025 | 05:50 |3662
20-nji iýunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Magtymgulynyň döredijiligi – türkmen medeniýetiniň paýhasy” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi20-nji iýunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Magtymgulynyň döredijiligi – türkmen medeniýetiniň paýhasy” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

20-nji iýunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Magtymgulynyň döredijiligi – türkmen medeniýetiniň paýhasy” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe we Magtymguly Pyragynyň şygyryýet gününe bagyşlanan bu çäre alymlary, mugallaymlary we talyplary ýygnady.

Umumy mejlisde we maslahatyň sekiz bölümçesinde 163 çykyş diňlenildi. Olar şahyryň filosofiki mirasyna hem-de onuň ýaşlaryň ahlak terbiýesine we taryhy-medeni garaýşyna ýetirýän täsirine bagyşlandy. N.Suwhanow, G.Saparowa, J.Sapargulyýewa we M.Kullaýewa ýaly professor-mugallymlar Pyragynyň pikirleriniň sungaty we jemgyýeti ösdürmekdäki derwaýyslygyny açyp görkezýän möhüm nutuklar bilen çykyş etdiler.

Maslahat janly ýagdaýda geçip, işjeň maslahatlaşmalardan we sorag-jogaplardan ybarat boldy hem-de ylmy barlaglaryň türkmen edebiýatyndaky we medeniýetindäki ähmiýetini açyp görkezdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026