HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan “Travel + Leisure Central Asia” syýahatçylyk žurnalynyň bölegi boldy

Iýun 24, 2025 | 11:42 |4972
Türkmenistan täze “Travel + Leisure Central Asia” halkara syýahatçylyk žurnalynyň ýaýraýyş zolagynyň içine girýän ýurtlaryň biri boldy.Türkmenistan täze “Travel + Leisure Central Asia” halkara syýahatçylyk žurnalynyň ýaýraýyş zolagynyň içine girýän ýurtlaryň biri boldy.
Çeşme: Travel + Leisure Central Asia

Türkmenistan täze “Travel + Leisure Central Asia” halkara syýahatçylyk žurnalynyň ýaýraýyş zolagynyň içine girýän ýurtlaryň biri boldy. Žurnalyň resmi tanyşdyrylyşy 20-nji iýunda Daşkent şäherinde geçirildi.

Bu syýahatçylyk pudagy boýunça iň abraýly dünýä brendleriniň biri bolan “Travel + Leisure” neşiriniň ilkinji sebit goýberilişidir. Ol Merkezi Aziýany dünýäniň syýahatçylary üçin özüne çekiji ugur hökmünde ösdürmäge gönükdirilendir.

Travel + Leisure Central Asia.jpg

Täze žurnal Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly sebitiň bäş ýurduny öz içine alyp, ABŞ-de, soňra bolsa Ýewropa ýurtlarynda hem çykarylar. Sebitiň ähli ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda-da neşiriň wekiliýetiniň açylmagy meýilleşdirilýär. Munuň özi neşiriň barlygyny güýçlendirip, halkara arenada ýurtlaryň syýahatçylyk mümkinçiliklerini işjeň ösdürmäge ýardam berer.

“Travel + Leisure Central Asia” žurnalynyň baş redaktory Barno Ikramowanyň bellemegine görä, neşir diňe bir ýerler barada gürrüň bermän, eýsem sebitiň ruhyny duýmaga çagyrýar:

“Birinji goýberilişi bu sebitimizi görmäge we ony duýmaga çakylykdyr. “Travel + Leisure” syýahatçylykda edil “Mişlen” ýalydyr. Indi bolsa Merkezi Aziýa bu sanawda orun almaga dalaş edip bilýär”.

“Travel + Leisure” – 1937-nji ýyldan bäri Nýu-Ýorkda neşir edilýän meşhur amerikan žurnalydyr. Ol bütin dünýä boýunça millionlarça okyjylary birleşdirip, olara ekspert synlary, awtorlyk ugurlary, reportažlary hödürleýär. Şeýle hem, iň gowy syýahatçylyk ugurlaryndan, myhmanhanalardan, deňiz syýahatçylyk kompaniýalaryndan we awia daşaýjylaryndan ybarat özboluşly sanaw bolan World’s Best Awards ýaly abraýly baýraklary guraýar. Neşiriň sanly görnüşini her aý 16,5 mln okyjy okaýar.

“Travel + Leisure Central Asia” neşiriniň döredilmegi sebitiň medeni mirasyny, häzirki zaman ýaşaýşyny we durnukly syýahatçylygyny ösdürmäge gönükdirilendir. Franşiza şertnamasyna 5 ýyl möhleti bilen gol çekildi, neşiriň goýberilmegi bolsa eýýäm syýahatçylyk, medeniýet we döredijilik senagatynyň wekilleriniň arasynda giň seslenmä eýe boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026