HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Orient Express Corinthian: Fransiýanyň iň uly ýelkenli gämisi deňze çykdy

Iýun 24, 2025 | 15:20 |6051
Fransiýanyň Sen-Nazeredäki Chantiers de l’Atlantique gämi ussahanasynda dünýäniň iň uly gämisi Orient Express Corinthian suwa düşürildiFransiýanyň Sen-Nazeredäki Chantiers de l’Atlantique gämi ussahanasynda dünýäniň iň uly gämisi Orient Express Corinthian suwa düşürildi
Çeşme: usevacay/accor

Fransiýanyň Sen-Nazeredäki Chantiers de l’Atlantique gämi ussahanasynda dünýäniň iň uly gämisi Orient Express Corinthian suwa düşürildi. Bu 220 metrlik ýelkenli gämidir. Ol ýönekeý bir gämi bolman, eýsem hakyky deňizde ýüzýän köşkdir. Kaşaň zynatlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we ekologiýa taýdan arassa çözgütleriň utgaşdyrylmagy netijesinde, ol lýuks syýahatlarynyň geljegini özünde jemleýär.

1

Gämi SolidSail iň ösen ulgamy hem-de suwuklandyrylan tebigy gazy (STG) esasyndaky gibrid hereketlendiriji enjamy bilen enjamlaşdyrylan. Munuň özi ony hakykatdan hem uglerodsyz edýär – bu bolsa ekologiýa kadalaryny güýçlendirmegiň esasy ugrudyr. Deňiz jandarlary bilen çakynyşklaryň öňüni almak üçin onuň dolandyryş ulgamyna emeli aň ornaşdyrylandyr. Dinamiki ýerleşiş blogy bolsa deňiz düýbüni gorap, labyryň ýerini tutýar. Gäminiň ähli materiallary ekoulgama iň az täsiri bilen saýlanyp alyndy.

2

Orient Express Corinthian gämisiniň interýer bezegleri fransuz ussalary tarapyndan ýerine ýetirilip, altyn asyryň atlantiküsti laýnerleri bilen ruhlanandyrylandyr. Oňa häzirki zaman dizaýn bezegleri hem goşulandyr. Gämide 54 lýuks we 5 restoran ýerleşdirildi. Baş aşpez bolsa Mişlen ýyldyzlarynyň eýesi Ýannik Alenno.

3

Ilkinji gatnaw 2026-njy ýylyň iýun aýyna meýilledirildi. Ol Ortaýer deňzi we Karibler boýunça amala aşyrylar. 2027-nji ýylda bolsa oňa ekiz taýy bolan Orient Express Olymipan hem goşulşar. Bilermenler Orient Express Corinthian gämisini kaşaňlykdan, tehnologiýa we ekologiýa çözgütlerinden ybarat bolan syýahatçylygyň geljegi baradaky habar bolup durýandygyny hasaplaýarlar.

4

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026