HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaponiýa magnit esasynda “Fudzi-tramwaý” seplemsiz ulag serişdesini işe girizýär

Iýun 24, 2025 | 14:35 |4964
Ýaponiýa innowasion “Fudzi-tramwaýy” işe girizmäge taýýarlanýar. Bu ulag serişdesi syýahatçylary Fudzi dagyna elterÝaponiýa innowasion “Fudzi-tramwaýy” işe girizmäge taýýarlanýar. Bu ulag serişdesi syýahatçylary Fudzi dagyna elter
Çeşme: The Asahi/Pinterest

Ýaponiýa innowasion “Fudzi-tramwaýy” işe girizmäge taýýarlanýar. Bu ulag serişdesi syýahatçylary Fudzi dagyna elter. Onuň esasy aýratynylygy – seplemsiz gurluşydyr: ulag rezin tigirleri ulanyp, adaty ýollardan hereket edýär. Esasy tehnologiýasy ýol örtügine ornaşdyrylan magnit markerleriň ulgamydyr. Bu ulgam tramwaýyň hereketini ugrukdyryp, seplemleri goýmadan takyklygy we howpsuzlygy üpjün edýär.

1

Ýamanasi prefekturasynyň hökümetiniň bu saýlap alan çözgüdi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýektine gelýän syýahatçylaryň barha artýan akymyny netijeli dolandyrmak islegi bilen kegsitlenilýär. Magnit ulgamy syýahatçylyk akymyny düzgünleşdirmek üçin howpsuzlygy, bahasy we mümkinçiligi boýunça iň gowy çözgüt bolup çykdy.

“Fudzi-tramwaý” dag eteginden 5-nji stansiýa çenli hereket eder. Onuň girizilmegi bilen, bu ugur boýunça beýleki awtoulag hereketleri çäklendiriler. Bu hem gelýän adamlaryň sanyna gözegçilik etmäge ýardam berip, Fudzi dagyna düşýän ýüki azaldar hem-de onuň tebigy gurşawyny gorap saklamaga ýardam berer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026